|

It hakynda iki goşgy

It hakynda iki goşgy IT HAKYNDA IKI GOŞGY

It hakynda iki goşgy

1.

Soňky wagtlar köp ýazýarys it hakda,
Itiň wepasyndan çykaryp many.
Medeniýetsiz bolar diýýär tankytçy,
Deňeşdirmek adam bilen haýwany.

Hawa, munuň özi medeniýetsizlik:
Adam-adam bolar, haýwan-da haýwan.
Ýöne dörtaýakly aňsyz haýwanyň
Ägirt ýüregine galýaryn haýran.

It ahyry öz iýenin haklaýar,
Hem öz wepasyny tutunýar arka.
Ine bize käte şo zat ýetmeýär,
Şoň üçinem ite çykýarys arka.

Men haýran galýaryn itleň kowmuna,
Wepalylyk itleň iň beýik däbi.
It-ä adamlaşyp barýar göwnüme,
Möjekleşip barýar adamlaň käsi.

2.

Seni goýup uzaklara gidýän men,
Heniz torç bolmadyk şol dag tarapa.
Meň yzymdan okdurylyp, kän dyzap,
Haýyş edýän, güýç salma sen tanapa.

Aglama, aglama, mert bol, köpegim,
Seniň gözde ýaşyň duýmasyn özge.
Gör ahyryn, günbataryň şapagyn,
Bahym gije geljek, gir sen öýüňe.

Meniň gidenime diýmersiň: “Hiç-le…”
Gaýta gelmez diýip heder edersiň.
Sen meni küýsärsiň düýşde ýa huşda,
Aý astynda çekip ýalňyzlyk derdin.

Bilmedim, süňk oklan bolarmy öňňe,
Biperwaý adamlaň bar derdi it däl.
Meni küýsäp uwlanyňa çydaman,
Gorkýan, tüpeňlär diýp seni bir betpäl. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle