|

It hakda aýdym

It hakda aýdym IT HAKDA AÝDYM

Säher al şapakdan alanda ody,
Ýananynda ak sähranyň gujagy.
Ganjyk ýedi sany güjük guzlady,
Ýedi sany çypar sary güjügi.

Söýdi baryn garalýança ýalançy,
Dili bilen olaň tüýün ýalady.
Ýerde ýatan näzik, ýuka garjagaz
Ýyly garnyň aşagynda eredi.

Agşam towuk bary üýşüp her taýdan
Düzülende nar üstüne kirş deýin.
Güjükler halta gapgaryp öýden
Çykyp gitdi agyr ýüzli hojaýyn.

Ganjyk hojaýynyň yzyndan galman,
Ylgady, duýmady pesi belendi…
Şeýdip uzak salym gyş güni doňman
Duran suwuň tolkunlary elendi.

Hesretden müzzerip, sesin çykarman
Öýe gaýdyp gelýän çagy, gör, indi,
Obanyň üstünde dogan çypar
Aý Güjüklerniň biri bolup göründi.

Bu mawy belende garap gussada
Zaryn sesli uzyn-uzyn uwlady.
Inçejik Aý bolsa assa-assadan
Baýyrlaryň aňyrsynda duwlandy.

Şonda ýöne ýerden — gülki üçin ylla,
Zyňylan daş deýin onuň kastyna,
Ganjygyň gözleri misli bir tylla —
Ýyldyz bolup gaçdy garyň üstüne.

Sergeý ÝESENIN.

Terjime eden: Gurbannazar EZIZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle