|

It, guş we ynsan

It, guş we ynsan IT, GUŞ WE YNSAN

Güýçli bolanlygy üçin
Zynjyra baglanypdy
Töweregi gorkuzmak üçin
Ömrüni zynjyrda geçirmelidi
Gezmek oňa gadagan
oýnamak –da gadagn
Söýüşmek de gadagandy onuň üçin
Diňe iýip çöregin
Howlamaly gije-gündiz
Şeýdibem ölüp gitmeli
Zynjyrň penjesine
Her gezek howlan wagty
Güjükler agzyn öýkeläp
Depesinden gülýärdi
Ol daýaw gurt iti bolsa
Çykyp bilmän zynjyrdan
“ Güýçli bolmak meni dünýäň iň güýçsüzi kyldy haw…”
Diýip ulap, müň bir gezek ölýärdi.

* * *

Guşuň bar günäsi şudy:
Özi owadan!
Sesi owadan!
Olam öz elinde däldi
Şeýle ýaradylypdy
Şol üçinem bütin ömrün
Gapasada geçirmeli
Saýramaly
Ömründe hiç görmedigi
Diňe düýşünde gördügi  bir söýgisi üçin
Saýraýardy zaryn zaryn
oýnaýardy adamlaryň köňül taryn
Gargalar elhenç ses bilen
Gülüp geçýärdi üstünden
“Ah! Men bilbil ýerine
Garga bolsam blmazdymy eý taňrym!
Diýip kapasaň içinde
Içi  gysyp ölüp gitdi guşjagaz!” 

* * *  

Bir guşlar, bir haýwanlar däl
Beýni doly adamlaram
Ýatan eken türmede
Akmaklar bolsa olaryň
Däli diýip üstlerinden gülerler
Olaň bir günäsi bar
Gündizi gündiz ýaly
Gijäni gije ýaly wasp ederler
Ýörän wagty bir ädim ileri däl
Uzakdaky daglara serederler 
Olar joşgun bilen ýaşap sil dörederler
Şol üçinem 
gorkaklaryň hökmi bilen
Şahalardan asylyp
Säher çagy
Dökülerler ýaprak ýaly…

Abdyrahman DÜÝEJI. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle