|

Işte sen

Işte sen IŞTE SEN


Bir lebi gunça ýüzi gülzar diýrseñ, işte sen
Hary-gamda andalyby-zar diýrseñ, işte sen.

Lebleri mül, saçlary sünbül, yañagy bergi gül
Bir semen-ber serwi hoş-reftar diýrseñ, işte sen.

Paýine ýüzler sürer her serwi dil-junun rewan
Suw deýin bir aşyky-didar diýrseñ, işte sen.

Zülpi sahyr turrasy tarrar şuhy şiwe-kar
Çeşmi jady gamzasy mekkar diýrseñ, işte sen.

Pyrkatyñda teşne-leb hatyr-perişan hassa-dil
Künji-gamda bikes-ü bimar diýrseñ, işte men.

Gözleri sabry-salamat mülküni taraj eder,
Bir amansyz gamzasy Tatar diýrseñ, işte sen.

Bakyýa Perhat bilen Mejnuny şeýdadan bedel
Aşyky bisabyr-u dil kim bar diýrseñ, işte sen.

• Bellik: Gazal manysyny ýitirmezlik maksady bilen orginal dili bolan osmanly türk(men)çesinden kän üýtgedilmän alyndy.

• Sözlük:

Işte sen — ynha sen, ine sen.
Berg — ýaprak.
Jadu — 1. jady, jadygöý, 2. gorkunç jandar, wampir, 3. bedroý är-aýal, 4. juda owadan göz.
Çeşm — göz.
Dil-junun — köñül gözleýji.
Hatyr — 1. Añ, pikir, 2. Keýp, ahwal, 3. Könül.
Künj — künç, künjek, burç.
Mekkar — mekir, hilegär.
Mül — şerap.
Reftar — 1. Hereket, ýöreýiş, 2. Sülmüräp edaly ýöremek.
Rewan — 1. Suw ýaly akyp giden, 2. Ruh, jan.
Sahyr — jadylaýjy täsir eden gözel.
Semer — (ýasemin) ak ýa-da sary reñkli käte gülgüne reñkde gülleýän agaç we bu agajyñ hoşboý ysly güli.
Şiwe — näz-kereşme.
Taraj — çapawullamak, talamak, ýagmalamak.
Tarrar — jübikeser.
Turra — alyn saçy buýra saçly.

Mahmyt ABDYLBAKY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи