| |

Ispan ogluna hüwdi

Ispan ogluna hüwdi ISPAN OGLUNA HÜWDI

(Ispan çagalary hakyndaky goşgulardan)

Gije gezýär daşarda,
Uky gelsin gözlerñe.
Ysnyş maña gyşarda,
Diñ sal meniñ sözlerme.
Samolýotlar uçanda,
Tisginme hiç haçan-da,
Ganatynda ýyldyzy,
Goraýandyr ol bizi.
Ysnyş, beräý eliñi,
Aýlanaýyn adyñdan.
Hem-de ispan eneñi
Çykarmagyn ýadyñdan.
Eneñ ýene bu gije
Girer uly hüjüme.
Dynçlyk getir señ üçin
Ispaniýañ bar künjüne.
Onsoñ azat iliñe,
Ýene gaýdyp bararsyñ.
Eneñ ýyljak gujagna,
Şatlyk bilen girersiñ.
Meni — sowet eneñi,
Salgyn şonda ýadyña.
Hem-de uzyndan-uzyn
Hat ýollagyn adyma.

1937 ý.

Olga BERGGOLS,
Leningrad.

Rusçadan terjime eden: Azat RAHMANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle