Islemediñ
Islemediñ
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Gysganmadym, bolanjamdan eçildim.
Eçildim, bir ädim yza tesmedim,
Çeýnänmi däl, berdim ýuwdanma çenlem.
Sen menden şeýle bir kän zat islediň:
— Iýmek-içmek, geýinmek, köşk-ymarat…
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Emma, söýgi ýekelikden ybarat.
Bersem-de, men saňa dünýäň közüni,
Özüm üçin…
Özüm üçin, alyp galdym özümi.
Süleýman HAÝDAROW. Goşgular