Işdäñiz açyk bolsun
Işdäñiz açyk bolsun
IŞDÄÑIZ AÇYK BOLSUN
Gijelerne giç ýatyp,
Ertirlerne ir turdum:
Manydyr, rifma gatyp,
Kän-kän GOŞGY gowurdym.
Temalaryň içinden
Tapyp täzeje tema,
Işdämen iýjeklere,
Bişirdim men POEMA!
Erteki söýýänlere
ERTEKI hem gaýnatdym.
Tagamly bolar ýaly,
Ýalan-ýaşryk kän atdym.
Bişirdim barysyny
POEZIÝA pejinde.
Iýiň, KITAP — saçagyň
Başynajyk geçiň-de!
Soňundan aýdyň maňa:
Men aşpezmi, ýa şahyr?!
Ýa-da hijisem dälmi?!
Bilmegim gerek ahyr!
Işdäňiz açyk bolsun!
Sowatman iýseňiz bor!
Tolgunmak bilen, aşpez —
Ýagny, degişegen AWTOR!
HEMRA ŞIROW
Çagalar edebiýaty