Ir säheriň oýlary
Ir säheriň oýlary

Tuflimiň sesine ýüregmi deňläp,
Bu günem ýene-de howlugýan işe.
Ertiriň säheri ajaýyp neneň!
Eý, Hudaý!
Agşamky gussadan galmandyr nyşan.
Ilki salam berýän juda ulumsa,
Ýadyrgamok häzir sowuk nazardan.
Lak atýan ýoldaky eýjejik çaga.
Gül bolan bolsady, eger-de, göwnüm
paýlasym gelerdi her bir ynsana.
Howaň sowuklygam sussum basanok,
Seredip göge…
Garym-gatym bulutlary sermeýän,
Ýodajyk ýasaýan ýörärim ýaly.
Gör-le, muny?!
Gussam ýeňläberse uçjak ekenim.
Soňam batly ses bilen:
«Adamlar!
Men Sizi söýýän ekenim».
«Allajanym, kesä çekmäbilsedi…»
(Wiý, bu sözi içimden diýdim-ä!!!)
Bilbil KAKABAÝEWA. Goşgular