Iñlis kolonializmi: 6-7-nji sentýabr pogromy we «Agzyny alart-da, höküm sür»
Iñlis kolonializmi: 6-7-nji sentýabr pogromy we "Agzyny alart-da, höküm sür"

1954-nji ýylyñ 16-njy awgustynda Gresiýanyñ BMG-na beren ýüzlenmesinde Kipriñ öz geljegini özüniñ kesgitleme hukugynyñ bardygy ýazylypdy.
Muña ugurdaş 1955-nji ýylyñ 1-nji aprelinde EOKA Kiprde iñlis kolonial hökümetine garşy ýaragly göreşe başlapdy.
Kiprli rumlaryñ ENOSIS talaplarynyñ garşysynda Kipri 1914-nji ýylda Osmanlylaryñ elinden gañryp alan iñlis imperializmi Kipriñ Türk ýolbaşçylugyny ulanyp, meşhur «agzyny alart-da, höküm sür» syýasaty bilen Türkiýäni London konferensiýasy arkaly Kiprde tarap etjek bolýardy.
London konferensiýasyndan öñ Ministrler Sowetine başlyklyk eden Angliýanyñ Goranmak ministri Selwin Lloýd Angliýanyñ bähbitlerini gorap bilmegi üçin Türkiýäniñ ENOSIS-e garşy pozisiýasyny ulanmagynyñ gerekdigini şeýle düşündirýärdi:
Gepleşikler mümkin boldugyndan, maksadymyz grekleri ENOSIS-i kabul etmegi ret edýän türkler bilen garşyma-garşy getirmek we şeýdip häkimiýeti taşlajak çözgüt kabul etmeklerini üpjün etjek şert döretmek bolmaly.
Angliýanyñ Daşary işler ministri Antoni Eden konferensiýadan öñ Ankara hökümetine ýollan telegrammasynda «Türkiýäniñ Kipri greklere bermejekdigini aç-açan aýtmaklarynyñ gerekdigi» aýdylýardy.
Türkiýäniñ Daşary işler ministri Fatin Rüştü Zorlu konferensiýada şolar ýalam hereket edipdi.
London konferensiýasynda Türkiýe konflikte tarap edilişi ýaly, bärde diñe iñlis imperializmi problemasynyñ bardygyna garamazdan, dünýä we türk jemgyýetçiliginiñ öñünde Kipr we Türk-grek düşünişmezligi bar ýaly edip görkezilmelidi.
Şeýdip iñlis kolonial hökümeti bilen Kipr Rum EOKA-nyñ arasyndaky çaknyşyk iki halkyñ arasyndaky çaknyşyga öwrülmelidi.
Ýagdan gyl sogrulan ýaly konfliktiñ arasyndan bie gyra çykan iñlis kolonial hökümeti Kipriñ bähbitlerini iki jemgyýetiñ arasyndaky çaprazlyklary we çaknyşyklary öjükdirmek arkaly ýola goýmalydy.
6-7-nji sentýabr wakalarynyñ iñlis kolonial syýasatyna peýdaly boljakdygy görünip durdy. Muny gönüden-göni ugrukdyryp oturanlaryñ iñlislerdigi barada güýçli maglumatlar bardy:
«Daşyndan göräýmäge türk-grek dostlugynyñ ynjykdygy belli. Muny bulaşdyrmaga ownuk bir zadam ýeterlik. Atatürküñ Selanikde doglan öýüniñ diwaryna mel bilen bir zatlary çyrşaşdyrmak ýaly ähmiýetsiz waka hem dawa-jenjeliñ çykmagyna ýeterlik bolýar».
(Angliýanyñ Afinydaky ilçihanasy, 1954-nji ýylyñ awgusty).
• «Syganyñ merdi özüni öwende eden ogurlygyny aýdarmyş…»
Ýörite söweşjeñ gullugynda (ÝSG), Ýaragly Güýçleriñ Baş Ştabynyñ Kontrrazwedka bölüminde, Milli Howpsuzlyk sowetinde ýokary wezipelerde işlän otstawkadaky general Sabri Ýirmibeşoglynyñ žurnalist Fatih Güllapoglyna aýdanlaryndan:
«- Seret, men saña ýene bir mysal bereýin. 1974-nji ýyldaky Kipr hereketi. Eger ÝSG bolmadyk bolanlygynda ol hereket, ýagny iki hereketem şolat ýaly şowly bolubilermidi? (…) Ada bankir, žurnalist, döwlet gullukçysy ýaly ýönekeý işler bilen ÝSG-nyñ ofiserleri ugradyldy. Olar adadaky raýat-jemgyýetçilik göreşiniñ başyny çekdiler, halka ýol görkezdiler. Ýaraglary 10 tonnalyk kiçi gämiler bilen ada aralaşdyrdylar. Soñra 6-7-nji wakalarynyñ üstünde durup geç…
— Pardon, paşam, düşünmedim, 6-7-nji sentýabr wakalarymy?
— Elbetde. «6-7-nji sentýabram» ÝSG-nyñ işidi. Ol diýseñ gowy guramaçykly topardy. Maksadyna-da ýetdi. Sizden soraýaryn, eýse ol şeýle gowy guramaçylykly topar dälmidi?
— Ha… hawa, paşam!!»
______________________
*Pogrom — dini-etniki azlyk ýa-da syýasy sebäpler bilen bir topara garşy amala aşyrylan agressiw hereketler. Şeýle agressiw hereketler köplenç öýleri, iş ýerleri, ybadat edilýän ýerleri weýran etmek, adamlary urup-ýençmek, ýaralamak, zorlukly hereketleri etmek, öldürmek ýaly hereketlerden ybarat
• Çeşmeler:
— «Tempo» žurnaly, s. 24
— «Türk Gladiosy üçin ýumagyñ ujy»; General Sabri Ýirmibeşoglu, 1971-nji ýylda ÝSG-nyñ başlygy, 1989-90-njy ýylda Milli howpsuzlyk geñeşiniñ sekretarydy. Bu interwýunyñ berlen 1991-nji ýylynda ol otstawka çykypdy.
— «Türkiýe çepiniñ Kipr petigi», Abdylla Korkmazhan, 2017.
— Dilek Güwen, «6-7-nji sentýabr wakalary», «Yurt» fondunyñ neşirýaty, 2005 ý.
— Niýazi Kyzylýürek, «Kipr konfliktinde içerki we daşarky täsirler», «Işık Kitabevi», neşirýaty, 1983 ý.
— Gündelik gazet-žurnallar we ş.m.
Jelaletdin JAN.
Şenbe, 07.09.2024 ý. Taryhy makalalar