Ine, dogan geler…
Ine, dogan geler…

Ine, dogan geler: — Dirimiň? — diýer,
Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme.
Men: «Şükür» diýerin
begenerinde
bu gün ýene aman-esen örenime.
Ol papagny bir gapdala taşlar-da,
soňsuz nesihata başlar ýene-de.
/Biz ikimiz başga-başga adamlar
döresegem bir ata, bir eneden/.
«Şahyrlykdan çörek iýmek kyn düşer,
yhlasyňy siňdir ýeňilräk käre
Men bolsa diýerin: «Ynanaý agam,
özümem alaçsyz, tapamok çäre.
Dünýäde diýen köp, emma hudaý bir,
ol hemişe gorap ýörmez täk meni.
Girdaba gaçsamam, endişä galyp,
başa çekip ýatma, köne çäkmeni.
Men indi çaga däl, şükür, goja däl
öz başymy özüm çarajak borun.
Bir aýdymçy kimdigini bildirmez
içinde bolanda köp sesli horuň!»
Ol gider, kalbyma howsala salyp,
hem kisäme salyp, bir az-owlak pul.
Men: «Sag bol» diýerin, «Sag bol, jan agam»
Emma arzuw eden günüm däldi bul.
Ilki arzuwlarym başga-başgady,
Çaga arzuwlarynyň baryp ýatany.
Men öz adym bilen bezemekçidim
Bezege mätäç däl eziz Watany. Goşgular