| |

«Indi meniñ nobatym» / ýumoristik hekaýa

"Indi meniñ nobatym" / ýumoristik hekaýa «INDI MENIÑ NOBATYM»

Gün ýaşyp, garañky düşende şäheriñ huşagetirijisiniñ gapysyndan deşli, garaýagyz aýal hasanaklap girdi. Ol howlukmaç gapjygyndan üç eplenen ýigrimi bäşligi çykardy-da, nobatçy seržanta uzatdy.
— Şuny alyñ-da, maña kwitansiýa beriñ!
Huşagetirijiniñ nobatçysy, orta boýly, horja seržant gözünden äýnegini aýryp, ilki nätanşyñ pully eline, soñra hem ýüzüne alarylyp seretdi.
— Bu näme? — diýip, kibtini gysdy, ýanynda oturan wraçyñ ýüzüne bakdy.
— Häzir ku ýerik meniñ adamym Ahmedi getirerler. Siz ony bärde ýuwundyrjak bolup, huşa getirjek bolup hem azara galmañ. Hakyny alyñ-da, Ahmedi goýberiñ, özüm ojy öýde huşa getirerin. Bu gün Ahmediñ aýlyk alýan güni. Eline pul düşdügi içýär-de, size düşýär. Sizem ony huşuna getirkek bolup, azar ýamanyny görýärsiñiz. Üstesine, menem heläk bolýaryn. Işden galyp, Ahmedi öýe äkitmek maña-da ýeñil düşenok. Gowusy, häzir äkideýin. Muzduny welin öñünden alyñ — diýip, Ahmediñ aýaly ýene-de puly nobatça uzatdy.
— Adamyñyzyñ familiýasyny aýdyñ?
— Amanow. Ahmet Amanow.
— Hä-ä şol Amanow diýseñizläñ? Ýa, walla! — Nobatçy elini stola şapladyp urup, çalt ornundan galdy, gözlerini ýumup, wakyrdap, güldi — Ýa, walla, muña sered-ä! Daýza jan, ol gelse, ony huşuna getirýänçäk biziñ huşumyz başymyzdan gaçýar. Olmy… — diýip, nobatçy Ahmediñ turuzýan gopgunlaryny, bolşuny aýdyp gutarmanka, tarkyldap gapy batly açyldy-da, iki milisioner Ahmedi süýräp diýen ýaly içerik getirdi. Ahmet bolsa agzynyñ gyllygyny tüýkürip sögünjireýärdi. Arlaýardy.
— Ýok, men öýe gitjek däl!..
— Sen näme üçin öýe gitmersiñ? — diýip, hälki deşli aýal gygyryp, ör-boýuna galanda, Ahmet tisginip gitdi, yrañ atyp duran pyýada dessine dikeläýdi. Indi ol aýalynyñ öñünde gözlerini gyrp-gyrp edip, doñan daş ýaly butnaman durdy.
Bu ýagdaýy synlap duran nobatçy seržant ýyrşaryp:
— Ýagşylygyñy unutmarys. Wah, çaltrak äkitseñiz bolýar, puluñyzam gerek däl — diýip, stolen daşyndan pyrlanyp başlady.

Petdi MAGSYMOW.

«Garagum» žurnaly. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle