«Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr…»
"Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr…"
Indi goşgy ýazmak aňsatlaşypdyr,
Goşgy ýazýar oglan-uşak,
Ene-mama,
Ata-baba,
Şäher-oba.
Hem gyzlar, hem gelinler.
Kazylar hem kelanlar.
Polisaýlar, prokurorlar –
«Döwet galamy“ zorlar…
Saklap bilmän joşgunyny,
Ýazýar ýatlap ýaşlygyny.
Biri göwün hoşlugyny.
Biri ýatlap başlygyny.
Biri köýen söýginiň
Indi aradaşlygyny.
Biri Oguz han bilen
Ýatlap garyndaşlygyny.
Biri Görogly bilen
Ganybir gardaşlygyny,
Şonuň üçin özüniň
Her işde berdaşlygyny,
Tekrarlap, tekrarlap goşgy ýazýarlar.
Daýhan daýhanlygyn undupdyr birçak.
Pil depip däl, ýazyp-pozup,
Der dökýär burçak-burçak.
Aňkaryp galypdyr muňa Kerimem,
Berdinazaram,
Gurbannazaram…
Şo mahal zoňtar ses eşdilip gitdi:
— Ýazaram, ýazaram, ýazaram…
14.04.2016. Goşgular