Indi bagtlymy sen…
Indi bagtlymy sen…

Göwün islär uçsam diýe, pel-pelläp,
(Uçmak guşa mahsus bolsa bolbersin).
Arzuwlar ganatly — galyň siz belläp,
"Bagtlylar bagtsyza ýol bersin."
…Näme üçin bagtymyz ganaty ýoluk,
Uzak uçup bilmän düşýär topraga.
Awçylara ýesir düşen bagtymyz
Ýüregmizi getirip ýör goprara.
Zar çekdim,
zor çykdym, bagta ýetmäge,
Howlukmadym, ýaşlygyma buýsandym.
Gözellik Hudaýdan eçilen wagty,
Taňrynyň pikirlerine uýsadym!
Ýaryma duşaryn wagty gelende,
Günler bilen giňär barar jahanym.
Ähli göwün isleg, wysal bolanda,
Rahatsyz ýaşarmy, garran mahalym.
Ýaşlyk öter ýyllar geldigi saýyn,
Halymy kötekläp gezermikäm men.
… Özüme tapsyzkam sorag bererin:
"Ýaşaýyşdan indi bagtlymysyň sen?"
✍Amangözel GURBANOWA. Goşgular