|

Iñ ýakyn dostuma

Iñ ýakyn dostuma Annasoltan KEKlLOWA

«Iň ýakyn dostuma»

Bu gije nämüçin ýatyp bilemok,
Oýlanyp geçirýän uzak gijäni.
Syrly garaýşyňam maňa düşnüksiz,
Ýa galdyran bolaýmaýyn bijämi?

Daş çykýaryn haraý isläp asmandan,
Şemal alyp gidýär gursakdan gamy.
Eşdilýär gulagma ýeriň üstünden,
Uzakda ýaňlanýan dostlaň aýdymy.

Näçe diňleseň-de bu adamlary,
Seň syrly garaýşyň çykanok ýatdan.
Gursagyňda gor hem bolsa, ezizim,
Guý gujagma, heder etme hiç zatdan!

Guý gujagma, juwan göwün syrdaşym,
Düşün ahyr, geçip barýar ömrümiz.
Ýürekde syr gizläp birek-birekden,
Unudýas ajaýyp ýaşamany biz.

Şoň üçin gijeler ýatyp bilemok,
Jahanda bar zatdan basylýar sussum.
Kyn bolýar ýaşamak ýagty dünýäde,
Senden syr gizlese iň ýakyn dostuň. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи