| | |

Iñ soñky söz

Iñ soñky söz

IÑ SOÑKY SÖZ

Günorta naharyndan gaýdyp iş ýerime ýetip gelýärkäm, öñümden tanyşlarymyñ biri çykdy-da:
— Ýañy seni Mämmet Seýit sorap ýördi — diýdi.
Barsam, ol kabulhanada tokmakçylar bilen gyzyl-gyran gülşüp oturan eken. Salamlaşyp Mämmet aga bilen kabinete girdik.
— "Gurt agzasañ, gurt geler" diýenleri çyn öýdýän. Häli, irden gürrüñini etdik…
— Gybatymy etmedik bolsañyz bolýa — diýip, ol myssaja ýylgyrdy.
Şahyry "Nebis" diýen satiriki goşgusy "Tokmagyñ" 6-njy sanynda (1987 ý) gidýärdi. Biz onuñ gulagyny, ine, şo mynasybetli şañladypdyk. Ýeri gelende aýtsam, bu goşgy onuñ žurnalda çykan iñ soñky goşgusydy.
Mämmet aga bilen söhbetdeş bolup ep-esli oturdyk. Ol çaýly käsesini eline aldy-da:
— Ýeri, onsoñ, Peredelkinoda döredijilik öýünde işląp bildiñmi? — diýip, gözlerini güldürip maña seretdi.
— Işledim. Ýöne biziñki näme, şol kijiçik hekaýalar-da. Uly zat men-ä dogrusy ýazjagam bolamok…
— Oñarýañ. Uly zatlaryñ adamyny kiçeldýän wagtlary kän bolýandyr. Öz ýodañ bilen gidiber — diýip, ol meniñ sözümi böldi.
Bu sözler ilhalar şahyryñ agzyndan eşiden iñ soñky sözlerimdi.

Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Ýatlamalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle