|

Iñ sogaply ýeri…

Iñ sogaply ýeri… IÑ SOGAPLY ÝERI

Saý-sebäp bilen özüňden özge aýal maşgala köýnek tikip berseňiz, onuň iň sogaply ýeri: köýneginiň bagjygyny dakmakdadyr.

Mätäç, mysapyr zenanyň saçyny ýuwup-darap bermegiň iň sogaply ýeri: gyrlan saçlary tarma-tar ýygnap, saç bukjasyna salyp ýygnamakdadyr.

Başga kişiniň gyzyna tikin işini öwredip, oňa ak pata bermegiň iň sogaply ýeri: onuň ilkinji yhlasynyň siňen işini özüň satyn alyp geýmekdedir.

Gyzjagaza tahýa-gülbörik tikip bermegiň iň sogaply ýeri:tahýany eýesi geýenden soň,tahýany geýen gyzjagazyň başyny üç gezek sypap, oňa ýagşy arzuw etmekdedir.

Täze dünýä inen çaga göbegenelik etmegiň iň sogaply ýeri:bäbegi ýagşyja ýuwup-tämizläp, onuň endamyny gury esgi bilen süpürip guradanyňdan soň, enesiniň üstinde ýüzin ýatyryp, bäbejigiň gulajygyny elläp, oňa ýagşydan-ýagşy öwüt nesihatlar etmekdedir.

Täze bäbeklän gelne sallançak gurup bermegiň iň sogaply ýeri:sallançaga üwregbag dakyp bermekdedir.

Täze bolan çagany ilkinji gezek gundamagyň iň sogaply ýeri:rysgal-döwletli bolsun diýen niýet bilen, bäbegiň gundagbagyna göwniňden çykaran sowgatjygyňy gysdyrmakdadyr.

Begsoltan HALYMOWA. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle