|

Imperializmiñ masgaraçylykly sahnasy

Imperializmiñ masgaraçylykly sahnasy IMPERIALIZMIÑ MASGARAÇYLYKLY SAHNASY!..

Oýlamañ siz,
Kenara urulanlar
Gark bolan gäminiñ paty-putusy
Oljasy däl olar,
Adam balasy!
Medeniýetiñ gelip ýeten utanjy.
Gynanma sen, günäsizje çagajyk
Adamzat unutmaz hiç haçan seniñ
Başyñdan geçiren hasratlaryñy…

Señ isleýşiñ ýaly däldir bu dünýä,
Synlamak neneñsi gorkuly düýşdür.
Neresse çagalañ ençe-ençesi
Geçir dyrnaklarñy,
Dişiñ bilen goparyp zyñ gapdala
Seni gurşap alan demir torlary
Özüñe ýol arça!..

Ýene janyñ örtenmänkä, ýanmanka,
Çümsene çuñlugy gulaç-gulaçlap.
Çümübilşiñçe çüm!
Deñizler ýurdunyñ sessiz-sedasyz
Goltugynda hezil edip dynjyñ al…

Düşek bolsun saña ýumşajyk gumlar,
Köpükli tolkunlar sallançagyñdyr.
Saña süýji düýşler, şirin ukular
Suwotlary sypasyn señ teniñi
Degirmesin kimse saña elini…

Balyklar ogşasyn gül ýañagyñdan
Injiler bezesin saçyñ taryny.
Sylmasyn harasat, joşgunly gaýlar,
Ýüreklere tegmil goýan yzyñy…

Şemal sesi hoş ýaksa-da, uzakdan
Gözüñi, gulagyñy aç dört tarapa
Näçe mazlum çaga näçe duzakdan
Näçe rehim-şepagatsyz dünýäden
Näçe…

★★★

Gadyrly okyjylarym!
Inji Germenlileriñ goşgy setirleri wyždanlara ok bolip çümýär.
Çünki çagalar aglaýar, çagalar ölýär, çagalar…
Neresse, biri-birinden owadan, naşyja, betbagt, ak kagyz ýaly arassa we bigünä çagalar…
Emma duruñ!
Kenara gelip urulan olaryñ diñe jansyz bedenleri däldir…
Üns berip seredenler, ýitip giden adamkärçiligi görerler kenarlarda duran!..
Bu neresse çagajyklardan birini yzyna dolap bilermi heý, imperializmiñ guýrugyna dañylan gorkunç hasaplar?..

Ugur DÜNDAR.

05.03.2020 ý, «Sözcü» gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle