Iman
Iman
Hiç haçan
hiç ýerde
bar zat ýerbe-ýer
boldy hasap edilmeýär bil, jigi.
Eger şeýle ediläýse, derdeser.
Bendäñ ýaşaýşyndan halas boldugy.
Çünki,
Isleg ösýär,
Ýaşaýyş ösýä,
Adamlaram kem-kem özgerip barýar.
Hem şo ýolda özleriniñ döreden
kynçylyklaryna döz gelip barýar.
Birisi döredýär,
Birisi ýeñýär,
Geñ görme, şeýledir gurluşy dünýäñ.
Dünýe-görkli gedem gyzdyr,
Yzynda ýersiz selpeder.
Asmanyñ ýüzi göm-gökdür,
Edýän deý eýmenç elheder.
Ýöne,
Alla hoş niýetlä
Goldawyny unutmandyr.
Seretanda Muhammede
Saýa salan bulut bardyr.
Kynçylyklara teselli,
Hoş günlere medetkärdir.
Görk bolup gursaga siñen,
Kalbymy sowadan bulut.
Ýagsa,
ýagmasa-da,
ynan,
Ol — juda owadan bulut.
▶ TEKLIP
Neçüýn elmydama aladaly biz?
Galdyr başyñ, synla ahyr baglygy.
Saralyp gidipdir gussañ derdinden
Seret, bu Zeminiñ ýaşyl baglygy.
Dur, ezizim, biraz çeksene aýak,
Gel, oturyp gürleşeli mesawy.
Göýä bu durmuşda gyt zat deý aýal,
Kalbymyza gaplap ýörmän gussany.
Aşyrmät GARLY. Goşgular