|

Ilon Maskyñ Putin twiti oña täsin we tehnologiýanyñ howalaly gahrymany kimin garamagymyzy bes etmeli

Ilon Maskyñ Putin twiti oña täsin we tehnologiýanyñ howalaly gahrymany kimin garamagymyzy bes etmeli ILON MASKYÑ PUTIN TWITI OÑA TÄSIN WE TEHNOLOGIÝANYÑ HOWALALY GAHRYMANY KIMIN GARAMAGYMYZY BES ETMELI

Ilon Maskyñ Putin twiti oña täsin we tehnologiýanyñ howalaly gahrymany kimin garamagymyzy bes etmeli

Gik (geek) tüýsüne bürenen Mask performatiw giper erkeksumak egoistlerden diñe biri we munuñ şeýledigini görmegiñ wagty gelip ýetdi.
Oligarhlar giper erkeksumaklary öz güýçlerini we agressiwliklerini kanunylaşdyrmak üçin ulanýar. Bu Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putin üçinem şeýle. Emma şol bir wagtyñ özünde «Tesla»-nyñ direktory we tehnologiýa milliarderdi Ilon Mask üçinem şeýle, heniz gik (aýratynam bir hobbi ýa-da mesele bilen obsessiw şekilde güýmenýän kişiler üçin argo söz -t.b.) we özüni özi ýañsylaýan, şeýle-de bolsa iriziji takmynanlyga eýe formada bolsa-da.
Mask şu gün (14-nji mart) täsin twit atyp, «Wladimir Putini ýekme-ýek döwüşe çagyrýaryn» diýdi, dowamynda-da «Ukraina üçin. Bu döwüşe çykybiljekmi?» diýip ýazdy.
Russiýanyñ kosmos agentliginiñ başlygy Dmitriý Rogozin oña şobada jogap berdi: «Sen kiçijik şeýtan, entek ýaş bolýañ.» Jogap şeýle dowam edýärdi: «Gaýratyñ bolsa meniñ garşyma çyksana, egbary agan diýsäni. Wagtymy ýitirenime degeñog-a sen!»
Maskyñ we rus ýolbaşçylarynyñ özlerini mahabatlandyrmak üçin WWE terzli bular ýaly boş öwnüp, wirtual gahrymanlyk görkezjek bolmalary dogrusyny aýtsak, diýseñ ýerliksiz we bolgusyz. Russiýanyñ Ukraina çozmagy eýýämden müñlerçe adamyñ ölümine sebäp boldy, millionlarça adam öýünden-ilinden jyda düşdi. Adamkärçilige sygmaýan şular ýaly uly möçberli tragediýa Maskyñ özüni görkezjek bolmagyna amatly pursat bolaýmalymyka?
Ilon Maskyñ Putin twiti oña täsin we tehnologiýanyñ howalaly gahrymany kimin garamagymyzy bes etmeli

Hakykatda Maskyñ teswirleri öz mahabatyny özi etmegiñ, giper erkeksumaklygyñ we zorlugyñ köplenç täsin görnüşde biri-biriniñ içinden eriş-argaç geçýän formasyny görkezýär. Görnüp duran mysallardan diñe biri bolan Putin Russiýada sagdynlyk we gara güýç kultuny ganatlandyrýar. Ýygy-ýygydan açyk howada maşk edip durka, köplenç ýanynda bedew atlar bilen surata düşýär.
Putin şol sanda rus döwlet kultuny-da Günbataryñ heleýsypatlaşdyrylyp çökmegine duýulan ýigrenjiñ çäginde kesgitlemäge jan etdi, özem bu köplenç LGBT-ler bilen baglanyşdyrylýar. Bu fanatik gomofobiýa ýakyn wagtda Prawoslaw buthanasynyñ ýolbaşçysynyñ Russiýanyñ Ukraina çozuşynyñ «geý paradlaryny» aradan aýyrma tagallasynyñ bir parçasydygy üçin kanuny hasap edilendigini aýtmagy bilen täze düýp açdy. Toksiki giper erkeksumaklyk satma yñdarmalygy gorkunç militaristik öte geçmelere getirýär.
Ilon Mask hiç bir ýurda çozmady. Onuñ özüne mahsus has özüne çekiji we beýniñi ýuwmaga gönükdirilen erkeksumaklygy häzirlikçe gowy ýalam bolup görnüp biler. Geçmişde olam gödek biri bolandygyny eline ýarag almasa-da, hepdede 120 sagat işläp görkezipdi. Onuñ köpçüligiñ öñündäki güýji bileginiñ güýji däl-de, beýin güýji bilen baglanyşykly. Onuñ eýelik edýän «Tesla» şereketi ýaşyl tehnologiýaly tok bilen işleýän awtoulaglaryñ önümçiligini kämilleşdirýän bolsa, «SpaceX» hem bäş ýylyñ içinde adamlary Marsa äkidip-getirmegi wada berýär. Hawa, bulam bir erkeksumaklyk, ýöne munuñ añyrsynda giklere bukulýan we hamana giñ düşünjeli biri ýaly görünjek bolma çytraşmasy ýatyr.
Munuñ bilen birlikde has ýakyndan öwrenilende, Maskyñ milliarder, erkeksumak we gik energiýasy-da standart alfa erkek sypatyndan gaty bir tapawutlanyp duranok. Köp işleme edähedini öz işgärlerine garşy ýaraga öwürýär: Ol bikanun ýagdaýda sindikata agza bolmaga päsgel bermekde we zähmet kanunlaryny bozmakda aýyplanyp, günäli bilnipdi. Şeýle-de ol işçilere, hususanam garaýagyz işçilere äsgermezçilikli göz bilen garamakda-da aýyplanypdy.
Öñki aýaly Maskyñ özüni birnäçe ugurdan ussatlyk bilen baş çykaryp, işläp bilýän ýaly görkezýändigini, «kürsüsindäki beýik adam» komediýasyny» öýdäki jynsyýetçi dinamikalara-da birkemsiz sazlap bilýändigini aýdýar. Birnäçe kişiniñ non-binary (ikitaraplaýyn jynsy synplandyrmagyñ daşyndaky şahslar üçin ulanylýan söz -t.b.) käbirleriniñ ülñä gabat gelmeýän hakyky ýüzüne gönükdirilen üsti ýapyk äsgermezlik hökmünde teswirlän «Hakyky ýüzler berbat» twiti bilen birlikde Mask transfobiler bilen äjirde-büjür. Maskyñ özüni non-binary diýip tanadýan we hakyky ýüzlere garşy «bitarapdygyny» aýdýan, bir aýrylyp bir ýaraşýan partnýory Grimes köpçüligiñ öñünde trans kişiler bilen işiniñ bolmazlygyny haýyş edipdi, Mask hem twitini öçüripdi. Emma batyrgaý görünjek bolup saýrylaşdyrylan köpçülige sürünmek häzirem halanylmajak hereket, muny ýanýoldaşyñyzyñ özüni şol saýrylaşdyrylan köpçülige golaý duýýandygyny bilibem edýän bolsañyz dagy hasam…
Ilon Maskyñ Putine ýumruklaşmaga eden çakylygy aslynda onuñ hüý-häsiýetine ters gelibem duranok. Bu diñe şolar ýaly erkeksumaklygyñ nähili añsatlyk bilen tradision, agressiw we militaristik erkeksiremege äkidip biljekdigini görkezmekden ybarat.
Şol bir wagtyñ özünde oligarhlaryñ maliýe we sosial güýjüniñ nähili giper erkeksumak fiziki häkimiýetiñ we gözegçilik fantaziýalarynyñ üstünde gurlandygynyñ we bulary ýüreklendirýändiginiñ mysaly. Mask belli bir derejede henekleşýänem bolsa, görnüp duran formada Putin bilen dawalaşýan ýaly (Ýumruklaşypmy? Gylyçlaşypmy? Ýigrimi ädim sanap atyşypmy?) görünmekden keýp alýar. Güýçsiz ýagdaýa düşen Ukrainany halas etmek üçin öñe okdurylan ýigit, gahryman halasgär derisine girmekden göwni hoş bolýar. Şeýdeni bilen näme üýtgeýär, edip bilýän zady barmy? Özüni patyşa diýip yglan etjek bolýarmy? Ukrainanyñ melikesine öýlenip, atyny günbatara sürjekçimi? Bir tehnologiýa milliarderi azatlyklary üçin göreşmäge isleg bildiripdir diýip, ukrainalylaryñ bombalanyp duran wagtynda hemmesiniñ alkyşyna mynasyp bolmakmy niýeti?
Gahrymanlyk gürrüñiniñ anyk detallary belli däl. Emma Dmitriý Rogoziniñ bu gürrüñe goşulma mümkinçiligini oñyn garşylandygy görnüp duran zat. Putin Ukrainadaky uruşy bäbekhanalaryñ bombalanyp, ýaş esgerleriñ urulýan front liniýasyna ugradylandygy, häkimiýeti perwaýsyzlyk we wagşylyk bilen eýeleme hemlesiniñ ýerine şahsy güýjüniñ we erkeksireme çözgüt ýolunyñ synagy hökmünde tanatmakdan hoşal.
Gaýtalap aýdýaryn: Mask Putin däl. Emma Ukraina üçin ýekme-ýek göreşe çykmak baradaky samsyklaç pikirleri beýan etmegi, belki-de onuñ Putin bolasynyñ gelýändigini görkezýär. Güýçli we milliarder adamlar köplenç dünýä özlerinden we özleriniñ boş erkeksiremelerinden ybarat ýaly gürlemegi hereket etmegi gowy görýär. Iñ gowy ähtimallykda gulaga duýgusyz we dünýäden bihabar ýaly gelýärler. Iñ erbet ähtimallykda bolsa Putiniñ häzirki edýänlerini gaýtalaýarlar.

Noa BERLASKIÝ.

18.03.2022 ý.

https://www.independent.co.uk/voices Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle