| |

Ilkinji mugallym / hekaýa

Ilkinji mugallym / hekaýa

ILKINJI MUGALLYM

Serdar Berdi Otuzow diýen mugallymyň okatmaly birinji klasyna düşdi. Mugallym kellesi gazan ýaly, endigan syrylan başy täzeje tahýalyja oglanjygy halady. Ony öz oturýan stolunyň gapdaljygynda, birinji partada oturtdy.
Bu mugallym okuw başlanan güni bir gujak kitap bilen klasa girdi.
— Okuwçylar. Balajyklar, köşejikler. Biz faşizm belasyny ýeňip, Watana beýik ýeňşi getirdik. Biziň ýurdumyz Beýik ýeňşiň ýurdudyr.
Bu gü Beýik ýeňiş „Meniň balajyklam okasyn, beýik adamlar bolsunlar!“ diýip, ine, size gowy-gowy kitaplary sowgat iberipdir. Geliň, alyň!
Berdi mugallym ilkinji „Harplygy“  Serdara berdi. Soň galan okuwüylara paýlap çykdy. Mugallym soň Beýik Ýeňşiň ýörite iberen  depderlerini, galam, ruükasyny, beýleki  okuw esbaplaryny paýlady.
Serdar bu mugallymy hiç halamady. Ol oňa öwrenişip bilenokdy. Çalaran saçy çaşgyn, bir gözi çüýşe göz bolansoň, beýlek gözünden ep-esli ullakan, çep eli şalkyldap ýatan bu keltejik adam zol-zol ýanyna gelip:
— Ýazdyňmy, köşegim, hany  göreýin, berekella. Indikiňi mundanam  has gowy, has owadan ýazjak bol! — diýip, halys ýüregine düşýärdi-de, soň beýleki partalara bakan geçip  gidýärdi.
Serdar kem-kemden bu mugallymyň ýumşak labzyna, hoşamaýlygyna öwrenişip gitdi.Onuň ýüregi bu klasa, bu  mugallyma duýdansyz örklenip galdy.Ol ertir irden turanynda  häzir mekdebe gitjegine begenýärdi, Asyl, çaýyny-çöregini iýmän, mekdebe gaýdyberesi gelýärdi. Ejesi oňa käýýäp: „Çaý- çöregiňi iýmän gitseň, Berdi mugallym halamaz!  — diýse, ol gulak asyp, çalak-çulak garbanardy. Soň begene-begene mekdebe ugrardy. Mugallymy beýle bir gyssap durmasa-da, Beýik Ýeňşiň hut öz adyna ýörite iberen kitabyny, depderlerini arassaja saklardy. Ol  öýe berlen ýumuşlaryň ýekejesinem sypdyrman, berjaý erýärdi.Her günde gowy jogap berip, gowy baha almasa  ynjalanokdy.
Berdi mugallym bolsa indi tutuş klasda gowja okaýanlary “Berekella, akja bala!“ diýip, hoşamaýlaýardy.
Bir sapar ol  okuw başlanaly bäri ilkinji sapar gijä galyp geldi. Oňa-da goşularynyň sygyry sebäp boldy.
 Ýoluň gyrasyndaky uly atyza ekilen arpa ýaňy maýsalapdy. Serdar bir görse, Jemal ejeleriň sygyry arpa maýsalygynyň içinde iýenini iýip, iýmedigini basgylap, arkaýyn gezip ýör.Serda başym baş görkezjek  arpanyň beýle  parçalanmagyna dözmedi. Ol goňşylarynyň syyryny kowalap, ýoldan geçirip gaýtdy. Emma yzyna garasa agzy ýaş maýsadan tagam tapam sygyr ýene arpanyň içinde gezip ýördi. Serdar  yzyna gaýtdy. Öleňden sygyryň üzülen ýüpüni tapdy-da,  sygyry  ullakam ýylgynyň ýogyn düýbüne daňdy. Diňe şondan soň arkaýynlaşyp, mekdebe gaýtdy. Ýöne mekdebe golaý baranda mugallymynyň käýejekdigi ýadyna  düşüp, mugallymdan erbet utandy.
 — Geç, geç, köşek! — diýip, mugallym gapynyň agzynda müýnürgäp duran oglanjygyň başyny sypap, ony ýerine  geçirdi. Serdar şonda-da bu betgelşik,çep eli şalkyldap ýaran adamy kän bir halanokdy.
Ýöne, nämüçindir, ikinji çärýekden soň, Berdi mugallym birinji klaslary okatmaga gelmedi.Olar Alty mugallym okadyp başlady. Syrdam boýly,juda 
owadan, gelşikli sesi tutuş klasy dolduryp duran Alty mugallym gele-gelmäge:
— Eý, pökgi hany, iň yza geç — diýip, Serdary iň yzdaky boş parta geçirdi. Özem: — Eý, pökgi, hany, sapagy aýt — diýip, azm bilen Serdara ýüzlenýärdi. — Çaltyrak tur, näme, garnyňy göterip bileňokmy? — diýip, haýbat bilen heňkirýärdi. Serdap mugallymynyň sözlerine hezil edip gülüşýän klasdaşlarynyň sesini basjak bolup, batly-batly jogap berse-de, Alty mugallym ony kän bir diňlänokdam. Her gün ol üäçe gowy aýtsa-da,  minnet bilen goýýany  horja üçlükdi. Indiki sapak ondanam beterdi.
Beýle masgaraçylygy  hiç haçan görmedik Serdaryň  çaga kalby lerzana geldi. Ol ýoldaşlaryndan utanjyna ýere giräýjek boldy. Alty mugallym ondanam mojugyny tapýardy.
Bir gün Serdar  okuwa ýene gijä galyp geldi. Asyl, indi onuň okuwa-da gelesi gelenokdy.
 Alty mugallym ylgap işigiň agzyna bardy.
— Geç, burça, garlanpa. Garnyňy oňaraňok, ýene okajak bolýaňmy?  — Ol klasa ýüzlendi:
— Hany, okuwçylar, şu pökgä bir gowja at tapyň — diýip, tutuş klasy oňa garşy öjükdirýärdi.  – Geliň, oňa „Garlanpa“ dakalyň. 
Şondan soň tutuş mekdepde Serdaryň ady „ garlanpa“ bolup galdy“. Klasdaşlarynyň galanlaram atdan kem galmady, kim „pyşbaga“, kim „hažžyk“, kim „kirpi“ „syçan“, kim „gurbaga" boldy. Atsyz galan birinji  partada oturýan Jäje bilen Sona  boldy. Olar mekdep direktorynyň, hem sklad müdiriniň gyzydy.
Sähel  günüň içinde  Serdaryň aýaklaryndan daş asylan ýaly boldy. Indi onuň gaýdyp mekdebe-hä däl, öýlerine-de barasy gelenokdy. Ol her gün çaga namysjaňlygy bilen aglaýardy.
Bir gün öýlerine giç dolanyp geldi-de, iýmän-içmän içini hümledip oturdy. Ol birdenem Berdi mugallymynyň gelýänini görüp, oňa bakan okduryldy.
— Mugallym, mugallym jan! Sen bizi taşlama.Sen bizi goýma — diýip oňa 
ýapyşdy-da, onuň döşüne başyny goýup, özelndi.
Serdar öz sesine özi tisginip oýandy Bary düýşi eken. Ne Berdi mugallym bardy, ne ejesi, ne-de beýlekiler.
Serdar öň halamadyk, çüýşe göz, saçlary bulaşyk, bir golly şalkyldap ýatan mugallymyny küýsäp, eňräp-eňräp aglady-da, şol oturan ýerinde usurgap galdy.
Ol onuň ömür boýy gözläp, küýsäp, gezen ilkinji mugallymydy.

1-nji sentýabr, 2002-njiýyl.

Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle