|

Ilkinji ädimler / goşgular toplumy

Ilkinji ädimler / goşgular toplumy ILKINJI ÄDIMLER

Ilkinji ädimler / goşgular toplumy

• Ýürek

Tolgunma, darykma, howlukma ýürek,
Seň maňa gala deý durmagyň gerek.
Onsuzam dünýäniň çyrçygy artyk,
Şoň üçin parahat urmagyň gerek.

Ýürek!
Çydamly bol döz sen köp zada,
Sebäbi ýeňşimden ýeňlişlerim kän.
Meni oňatlygyň ýoluna iter,
Namyrat bir gubra öwrüläýmänkäm.

• Pursat

Gözel sähram gel goýnuňa dolaýyn,
Müddet ber bir pursat dyzym epere.
Ylham joşup durka bu dar gursakda,
Seni wasp edere goşgy tapara.

Sesim ylham doly gursakdan çykar,
Türkmen pasyllarnyň ýazlary ýaly.
Goşgym adamlaryň göwnün götersin,
Mylly agaň çalan sazlary ýaly.

Ýaş kalbymda seýrek düşýän şu pursat,
Ömürlik gursaga dolsady häli.
Arman ýaşlygymyz gaýtalanmaýar,
Ýaz paslynyň gaýdyp gelişi ýaly.

• Güýz ýapraklary

Çapgyn şemal ar almakçy bolýan dek,
Baglaň başyn neşter bilen daraýar.
Her gaçýan ýapraga ýaýkap başyny,
Baglar ahmyr çekýär, otly garaýar.

Hurmaýy ýapraklar gaçýarlar gaýyp,
Soňky demde medet gözleşip ýerden.
…Bagryn gerip ýatyr ýaprak toprakda,
Söweşen esger deý aýrylyp serden.

Amanberdi ALLABERDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle