|

Iliñ çagasy

Iliñ çagasy ILIÑ ÇAGASY

«Illeriñ çagasy bela ýaly-la»
Diýip gyjyndyrdyň, okatdyň eje.
Bäsdeş edip illeň çagalaryna,
Ejiz yüregmizi beketdiň eje.

«Illeň çagasyndan kem galmaly» diýip
Okadyk, öwrendik, gaýtdyk şähere
Dynçja uklaýarka iliň çagasy
Şygyr çyrşap yetdik her bir sähere.

«Iliň çagasyndan kem galmaly» diýip
Giň şäherden işem tapyndyk, şükür.
Kän öňe ozsak-da «garşydaşlardan»
Käte yüwürdyärin kalbymda pikir.

Eje seniň diýýän » Otdeý çagalaň»
Obada bakyp yör sygyrdyr, goýun.
Her gün käbelerniñ elinden öpüp,
Halaldan ekläp ýör rysgally öyün.

Seniñ ogluň bolsa, ozup olardan,
Gyzgyn mähriňdenem gaytdy üzülip.
Her gezek jaňlaşsak gyzyl düwmäni,
Basdygym gussalam gelyär düzülip.

Eje seniň sözleň ylgatdy öňe,
Aşyrdy şanymy, ejiz halymy.
Men şäherde, emma obada galan
«Illeriň çagasy» ýeňen ýalymy.

Kerim HALLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle