|

Ilim ajap

Ilim ajap ILIM AJAP

Ilim ajap

Ilim ajap, zaman ajap, ýurt ajap.
Mermere bezenen yşk abat ajap.
Sährasy, dag, düzi, çöl, köli ajap,
Ýaz, tomus, güýz, gyşy döwrany ajap.

Geçmişim, şu günüm, geljegim aýan,
Türkmenim, milletim ärdir ner saýam,
Halkym beýik bir Allaha sygynýan,
Köňüller Hak bilinen raýlarym ajap.

Ak sakal gojalar, ak saç eneler,
Ula uly, kiçä mährem deňeler,
Sada hem mähriban hüýrler, sonalar,
Mert edermen ärler zorlarym ajap.

Allaň nazar salan milleti halky,
Keremiňden eçil bereket haky,
Ýurt gojasy halkyn mähirläp herki,
Sansyz bar eýlenen işleri ajap.

Halmyrat türk iman milletin, halkyn,
Buýsanyp wasyp eder Oguz han hakyn,
Geçmişe, şu güne, geljege galkyn,
Jenneti mekanym menziller ajap.

Halmyrat ORAZOW.

27.03.2023 ýyl. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle