Ilde gep kän
Ilde gep kän

— Gyzymyz, injir güle
durmasa çykman, -diýýär.
Biz nätjegmiz bilmedik,
Injir ol, haçan güllär?!
— Nätmesi şeýle, guda,
Ýaz öňde, garaşarys.
Injir güllän çagynda,
Ýene habarlaşarys!
Hoş gaýdanlar sawçylar,
Ne çiş köýen, ne kebap.
Gülsiz injir gyz ýerne,
Sypalga bolan sebäp.
* * *
Ýitigmiz gözläp geldik
-diýip, bir garry ene,
Öz habaryn ýaňzydan,
Sawçy gelen ýerine.
“Ýitik” gyz hem ýylgyryp,
Oturanmyş bir çetde.
Ejesi ters düşünen,
Ne many bar bu gepde.
Ýüzüni boz-ýaz edip,
diýen: -bolmandyr bul-a!
Ýylgyrýaň welin, bulaň,
nämesin aldyň, tula?!
2023 ý.
Geldimyrat SEÝIDOW.
Surat: Abdylla MÄMMETBERDIÝEW. Goşgular