Ikimizem…
Ikimizem…
Ýaş çene barsa-da,
Göz çöňňelse-de,
Ol adam henizem öňküsi ýaly,
Nirädir bir ýere alňasap barýar,
Howlukmaç külterläp bu keçjal ýoly.
Käte aýagyna ýol çolaşýar oň,
Kä mahalam ýel asylýar synyndan.
Ýaňsydyr –gülkiniň münip gerşine,
Bezzat myş-myşlaram ýetýär yzyndan.
Nätsin, sözlerine bal gatylmandyr,
Nätsin, hereketem oňaýsyz onuň.
Öwrenşipir, o biderek myş-myşlar
Geçip gidýär çep ýanyndan gulagnyň.
Hasaba alanok olaň birinem,
Kalbyndaky arzuw-hyýaly bilen
Gümra bolup, «ýetdim-ýetdim» oýnaşyp,
Haýdap gidip barýar öz ýoly bilen.
Ýöne bir kişiden çakylyk gelse,
Säginmän, şo bada öwrülýär yza.
Uzyn günläp zähmetini bagş edýär
Gerek bolsa, goly gurjakly gyza.
Soň ýene ýylgyryp düşýär ol ýola,
Biz bolsa yzynda aňkarýas, galýas.
Göwnümiz ýetenok bolup ýörşüne,
Tagaşyksyz, şowsuz ädimin sanýas!
Emma hakykatyň hatyrasyna
Gel dogan bir zady boýun alaly.
Biz öz borjumyzy ödäp bilýäsmi,
Şol alňasap barýan ýaly?
O bend-ä başarsa ýagşylyk paýlap,
Berjaý edip barýar etmeli işin.
Ikimizem…
Şol bir ýeri depeläp,
Diňe sanap ýörüs özgäň ýalňşyn…
* * *
Gaýada doglanlar ganatly dogýar,
Başdan şeýle endik döreýär olarda.
Dünýä inen güni ýürek örklerin
Belent gaýalara baglasalar-da,
Olar käte, ýere,
Kä göge dyzýar,
Gaýada doglanlar ganatly dogýar.
Gaýada doglanlar ganatly dogýar.
Gaýada doglana
Jülgelerdäki,
Derelerdäki,
Sähralardaky
Gözellikden daşda ýaşamaklyk kyn.
Gaýada doglana
Käte düýrülip,
Käte ýazylyp
Geçýän,
Bir ýerde durmaýan – göçýän
Bulutlara çykman ömür sürmeklik
Däl mümkin.
Gaýada doglanlar ganatly dogýar.
Nirä gitseler-de, dolanyp basym,
Ýüzlerine sylyp doglan gaýasyň,
Tagzym edýär,
Baş egýär.
Olar alyslarda gezýän mahaly,
Güýçlerinden biraz gizläp goýýarlar,
Birden betbagtlyk bolsa-da,
gaýa ýetirer ýaly.
Sebäbi?
Pes ýerde ölmegi olar
Peslik saýýarlar.
Hem duýýarlar
Asmandaky boşlukda –
Bulutlaň üstünde ölmek bolmaýar…
Gaýada doglanlar ganatly dogýar.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular