|

Ikiçäk

Ikiçäk IKIÇÄK

Ikiçäk

Aýyň gözlerine çüý kakylan deý
Dik depeden sallanyp dur üstüme.
…Men agaç oklaýan hem ot berýärin
Tüssesi gök dirän oduň astyna.

Ot ýanmaýar, ýanýar göreçlerimiz,
Lasyrdap dur otda gara kündügem.
Sen bolsa gözleriň oda dikanlap,
Biljek bolýan ýaly meniň kimdigim.

Yzarlaýaň her bir hereketimi,
Ýerde biz — ikimiz, gökde Aý — asman.
Başga hiç kim ýokdy. Ýyldyzlar bizi
alajyn tapanok bagryna basmaň.

«Söýgi otdur, eger oýun edäýseň
eliňi, ýüregňi ýakarsyň» diýýäň.
Men bolsa ýüregmi kükürt deý çyzyp,
Şu ody ýakanmy bilýäňmi dünýäm?!

Goçmyrat Orazberdiýew Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи