| | |

Iki prezidentiñ kyssasy

Iki prezidentiñ kyssasy IKI PREZIDENTIÑ KYSSASY

Iki prezidentiñ kyssasy

Günbatar demokratiýasynda kanunlar indi türmäñ başlygynyñ eline geçen bolsa, Gündogar demokratiýasynda kanunlar ömürlik lider bolan çekistiñ elinde galdy

Şu gün irden dünýä şeýle ýagdaýda oýandy:
ABŞ-nyñ öñki prezidenti saklanýan raýon türmesinden kepillik haty alnyp, wagtlaýyn azatlyga çykarylýar.
Russiýanyñ ömürlik prezidenti öñki aşpezi we daşary ýurtlardaky alyp barýan uruşlarynyñ wekili üçin «yzy ýarasyn» sözlerini aýdýar.
Tutuş ýer şary haýrana galyp, şu soragy berýär: Bu hakykatdanam menmi?
Ençeme ýyllap näçe köp hadysany sypdyrman görüp we yzarlap gelenem bolsañyz, ýene-de garaşylmadyk wakalar azlyk etmeýär.
Gürrüñ bu ýerde garaşylmadyk waka bolan Ýewgeniý Prigožiniñ barýan uçarynyñ partladylmagynda däl-de, şol pursat raketanyñ uran uçarynyñ başga biri tarapyndan wideoýazgy edilmegi bilen göni efirde berilen janly signalda.
Rus oppozisionerleri köplenç naharyna awy goşulyp öldürilýär. Şonuñ üçin Jo Baýden «Wagneriñ» başlygyna nahar iýmezden öñ «iýip-içýän zatlaryny barlatmagy» maslahat beripdi.
Nähili çäkli hyýaly güýç. Eýse ýörite saparlar sanawy niçik borka? Oña-da esewan edilmelimidi?
Derejäñiz nähili bolanda-da, nireli bolanyñyzda-da edip biljek ýeke zadyñyz howatyrlanmak — has dogrusy, gorkmakdyr. Çünki «duýgularyñ çaknyşygy» syýasat we güýç çaknyşygyndan az howply däldir.
Trampy hiç ýere gitmezlik şerti bilen dil hatyny alyp türmeden boşatdyryp masgaralamak bilen harby çini we raýat statusy bolmadyk adam tarapyndan harby agdarlyşyga synanyşyp Putiniñ masgaralamak des-deñdir.
Putiniñ kabinetinde üç portret asylgy: birinjisi Russiýany tirseg8ne galdyran imperator Beýik Pýotr, ikinjisi ýurduñ edebi şan-şöhratyny arşa galdyran Aleksandr Puşkin, üçünjisi bolsa uruşdan soñ Fransiýany täzeden guran Şarl de Goll.
Ukraina Beýik Pýotryñ garşysyna gitdi, Pribaltika ýurtlart Puşkine gozgalañ turuzýandyklaryny eşitdirdiler we garşydaşlary onuñ Russiýany täzeden gurmagynyñ öñüni aldylar.
Dostoýewskiniñ iñ gowy romanlarynyñ biriniñ ady «Masgaralananlar».
Hamana öñ ýazanlarymy ýatdan çykaran ýaly zol gaýtalap duranyma seretmäñ, emma buýsanç we masgaralanma rus durmuşyna ymykly ornaşypdyr.
Şeýle-de Puşkin Angliýada Şekspir, Fransiýada Wiktor Gýugo, Ispaniýada Serwantes ýaly biri däl, ol ýurduñ şahyrydyr.
Hem Putine, hem Puşkine ýöneldilen masgaralanmalar täzelendi. Otuz ýyl geçendigine garamazdan Putin häzirem Ukrainany yzyna alyp bilenok.
Soñra bimynasyp hatardan biri çykyp, saýlama çekistleriñ biri bolan Putine garşy tutluşyga girdi.

Iki prezidentiñ kyssasy

Masgaralanma öñ sud edilen, özüne aşpezlik eden, Kremliñ hojaýyny daşary ýurtly ýolbaşçylary myhman alanda saçagy hut özi bezän biriniñ rus goşunyny garşysyna aýaga galdyrmaga synanyşmagy bilen ýetjek derejesine ýetdi.
Bu ýagdaý ruslaryñ duýgularyna ot berse gerek, edil hemişeki gazaply, galmagalçy, gaty sesli syýasatça yzly-yzyna sögülmeginiñ amerikanlaryñ duýgularyna ot berişi ýaly.
Garward uniwersitetiniñ akademigi Dominik Moisiñ dili bilen aýdanda, «duýgularyñ ahy-nalasy» biynjalyk edijidir, çünki ol ar almak we amatly wagt peýlemek bilen doludyr.
Dünýäniñ iñ uly iki ýurdy şular ýaly iki konflikte batan pursatynda, forma we mazmun taýdan şuña üns berilmeli:
Günbatar demokratiýasynda kanunlar indi türmäñ başlygynyñ eline geçen bolsa, Gündogar demokratiýasynda kanunlar ömürlik lider bolan çekistiñ elinde galdy.

Semir ATAULLAH,
Liwanly žurnalist.

Ýekşenbe, 27.08.2023 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle