Iki nakyl (Hekaýa)

Ýewgeniý PREMÝAK,
rus ýazyjysy
Kostýa tygşytly oglan bolup ýetişdi. Ejesi ýekeje rubl berdigi sowman, hökman ýygnap goýýardy. Ýöne dosty Fedýa tersinedi. Kepderisine däne, balygyna iýmit, itine nahar — hökman bir zatlar satyn alardy.
Bir gezek uly obada bazar boldy. Kostýa ýygnan pullaryny alyp, bazara gidip, tüýdük almak kararyna geldi. Fedýa öýünde galdy, sebäbi, barybir, pulsuzdy, seredäýmese aljak zady ýokdy.
Kostýa bazara tokaýyň içi bilen gitdi, ýöne azaşdy. Birden ol kepderiniň uçup barýanyny gördi-de:
— Kepderi, maňa ýoly görkezseň, pul bereýin — diýdi, sebäbi ol kepderileriň ähli ýerden uçýandygyna, ýollaryň baryna beletdigini bilýärdi.
Kepderi:
— Meniň pul nämäme gerek, jübim ýoga?! Onsoňam saňa ýol görkezer ýaly kim bolarsyň? — diýdi.
— Men Fedýanyň ýoldaşy.
— Onda başga mesele. Men saňa ýol görkezeýin.
Kepderi Kostýa ýol görkezipdir, ol bolsa ýoluny dowam edipdir. Fedýa derýanyň kenaryna baryp görse, köpri ýykylan eken, şonuň üçinem ol geçer ýaly güzer gözläp ugrapdyr. Birdenkä onuň ýanyna çapak balyk ýüzüp gelipdir-de, şeýle diýipdir:
— Kostýa, men seni tanaýan. Sen Fedýanyň ýoldaşy. Ýör, men saňa güzer görkezeýin.
Şeýdip Kostýa bazara gelipdir. Bazarda adam kän eken, olaryň içinde gowusy hem bar eken, erbedem. Ýaramazyň biri Kostýanyň puluny ogurlapdyr. Ol muňa gynanyp aglap ugraýar, çünki pullary köp wagt bäri ýygnapdy.
Birden onuň ýanyna bir tüýlek it ylgap gelip, nämäň bolandygyny bilýär-de, Kostýa şeýle diýýär:
— Gynanma! Maňa bärde garaş!
Itleriň ys alşy gowy. Ol Kostýanyň pulunyň kimdedigini bilip, tapyp getirip berýär-de, gulagyna bir zatlar pyşyrdaýar.
Kostýa dürli görnüşli süýji, hoz, pisse we tüýdük satyn alypdyr. Öýüne gelip, olary paýlaşdyrypdyr. Guşlar, balyklar, arylar hezil edinipdirler. Ol Fedýany-da tapyp, oňa-da tüýdügini sowgat edipdir.
— Al, bu meniň iň gowy dostuma sowgat!
Fedýa gözlerine ynanmandyr.
— Kostýa, saňa näme boldy? Gaty rehimdar bolupsyň-la.
— Indi men hemişe şeýle boljak — diýip, Kostýa ýoldaşyny gujaklapdyr.
Fedýa Kostýa näme bolanyna düşünmändir. Ol bazardaky itiň Kostýanyň gulagyna bir zatlar pyşyrdandygyny bilenokdy. It oňa iki sany nakyl aýdypdy: «Ýüz rublyň bolandan, ýüz sany dostuň bolsun», «Tygşytly bolmak gowy, ýöne rehimdar bolmak has gowy».
