Iki hekaýa (Hekaýa)
Ýohannes Wilhelm Ýensen,
daniýaly ýazyjy
Fudziýama
Ömrümiň iň bagtly pursatlaryny Ýaponiýanyň deňiz kenar ýakalarynda geçirdim; soňra şol şekilli ganatlanan pursatlarymyň bolany ýadyma düşenok. Kaýutama şemal kürsäp uransoň, Gün dogmanka, säher bilen oýandym, üstesine, ukuda-da şatlykdan ýaňa joşup duramsoň, mundan artyk ýatybam biljek däldim; penjireden seretsem garşymda gara buluda meňzäp, ajaýyp bir dag duran ekeni… ýok, ol bulut däldi, ol — Fudziýamady.
Bu ajaýyp dag asmandan asylan ýaly bolup, dünýäniň üstüne abanyp durdy, ol menden alysdady, onuň uçlary Ýaponiýanyň asmanyny örten mawy tüssä goşulyşyp gidýärdi. Ol howada ýeňiljek bulut bolup asylyp duran ýalydy, şonuň üçin ägirt ýer bölegine daýanyp, älem giňişligine ymtylan ýeňiljek sudur birbada öňümde dikeldi.
Göýä, ýaşajyk saýýar — Ýer demirgazyk şapagy bilen garylan deňziň mawy öwüşgininden täjini başyna geýip, Gün şöhlesi düşýän yklymyň köpdürli toprak örtügine dulanyp, tümlükden çykyşyna, älem päkizeligi bilen alnymda dikelen ýalydy.
Bu pursat meni çaganyň täze bir zada, mysal üçin, sypaljyga ýa aýnanyň ýüzünden syrygýan damja gözi düşendäki ýaly, sadaja bir duýgy gurşap aldy.
Soňra endik edilen görnüşler çagalygy ýitirilen ýurda öwrüp, gözümiziň düşüp ýöreninden başga has ýakymly, alasarmyk ýatlamalara tarap äkidýär.
Fudziýama gözüm düşenden, ýaşap ýörenimizden başga barlyklar baradaky iň soňky arzuwym hem duw-dagyn boldy. Men garaşyp ýören artykmaç dünýämiň şu ýaşap ýören dünýämizdigine düşündim, ýöne hiç haçan onuň takyk her bir pursadyna düşünip bilmeris, adaty durmuşda ony başarardan biz juda asgyn gelýäris. Şundan öndümli pikir ýokdur. Bu, dogrusy, adamyň amal edip biljek ýeke-täk zadydyr.
Şonuň üçin Fudziýama — mukaddes dag, köpleriň zyýarat edýän ýeridir.
Eý, Kolumb! Hakydaňdan öçmeýän ýekeje şatlyk bar, olam mukaddes topragy alnyňa sylmakdyr.
ÝÜWRÜK GOJA
Kopengagende ýyllarboýy bir täsin adam ýüwrer ýörerdi, häzir onuň näme işleýändiginden habarym ýok. Häzir Kopengagende ýaşaýanlaryň ony görmedigi ýok bolsa gerek. «Ýüwrüp ýören kişi» diýdigiň bes, hemmeler kim hakynda gürrüň edilýändigine düşünýärler. Ony soňky gezek göremde düýbünden üýtgemän ekeni, ýogsa ozalky görenimden bäri eslije ýylam geçipdi. Ol ýaşyny, kesp-kärini kesgitläp bolmaýan, leňňeç ýaly süňklek, äpet aýakly kişidi. Ozalam aýdyşym ýaly, ony özgelerden parhlaýan zat — mydama ýüwrüp ýörmegidi. Ol kynlyk bilen, ýadaw halda badyny peseltmän, sagatda iki kilometre golaý tizlik bilen ýüwrer ýörerdi. Onuň başynda geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýoň bolup, soň unudylan, göwşüllän keçe telpegi bardy.
Ol ylganda aşaky dodagy salparar durardy, gözleri bolsa… alnyňdan çykanda bu ýüwrük gojanyň gözlerine seretmekden ýakymsyz zat ýokdy, olar göýä, çal topursow reňkli ýüzünde myşýak bilen çirkizilen tegmiller deýin bir zatdylar. Ol göýä, ömrüniň başynda bu ýoluň soňunyň mundan ýüzlerçe millikdedigini bilip, taňrynyň haky üçin şol ýere ýüwrüp ýetmegi niýet edinen ýalydy. Şeýdibem ol ýola düşendir, pellä wagtynda ýetişmek üçinem bütin ömrüni şo-ol ýüwrüp ýörşüdir. Onuň otuz ýyllap Kopengageniň çäginde, şol bir köçeleriň ugrunda haýdap ýörmeginiň hem özüne ýetesi sebäbi bardyr — dogrudan-da, ol ömrüň pellesini hut şu ýerlerden gözleýän ýalydy. Ol şäheriň çäginde ylgamagy gowy görýärdi, köne Kopengagen has-da göwnüne ýaraýardy, bu ýerde onuň höwürtgesi bardy, ömrüniň pellesinem ol şu ýerden gözleýärdi. Ýöne welin, birje gezek oňa şäheriň eteginde — şa zenany Luizanyň köprüsiniň üstünde gabat geldim, ýöne ol gezek goja ýöräp gelýärdi! Häzirki ýaly ýadymda: şonda meniň inim jümşüldäp gidipdi. Näme üçin beýledigine düşünmäge çalşanym biderek bolupdy.
Maňa ol birtöwra adam diýip aýtdylar. Ol, dogrudanam, şeýledi. Haýsydyr bir iç keseline uçrap, lukmana ýüz tutupdyr, lukmanam oňa köpräk hereketde bolmagy maslahat beripdir. Zandy irnik adam bolany üçin, ol ýüwürmekligi hereketiň iň amatly görnüşi hökmünde saýlapdyr. Bedenini berkitmek maksadyna berlip, tutuş ömrüne ýüwrüp ýör, mümkin ol entegem saglygyny berkitmek umydyndadyr. Ony soňky gezek göremde, görgüli diňe aýak bolup galan ekeni, ýöne ol lükgeligi bilen niýetine ýetmekligiň kül-külüne düşüpdi.
Bir gezek onuň bilen ýakyndan tanyş bolmak isledim, giçlik iňrik garalyp başlapdy, görsem, şol ülhidi çykan goja ýorgalap gelýär, onuň gapdalyndan at goşup barşyma «Giç ýagşy!» diýip gygyrdym. Biz bile uzak wagtlap ylgasak-da, ýüwrük garrydan ýeke agyz sözem eşidip bilmedim. Ol gataňsy dabanlary bilen daşlary tokmaklaýan ýaly bolup barşyna, hötjetlik bilen dymýardy. Garşydan ýöräp gelýänler, göýä, kölege ýaly bolup, gapdalymyzdan zymdyrylyp geçýärdiler, men bu ýüwrüp ýören bijan kişini gallap alan sowugyň demini duýdum. Ondan aýaz öwüsýärdi. Eger ylgawy ölçege salyp bolýan bolsa, biz sagatda çärýek mil tizlik bilen eslije ýüwürdik; halys daljygyp aýak çekdim-de, töweregime göz aýladym, dünýäniň şol ozalky bolşudy. Men kölegeleriň şalygyna däl-de, säheriň çetine aralaşan ekenim.
Bu ýüwrük goja kimkä? Ol näme üçin alakjap ýör? Kim bilýär, belki, ol göze görünýän ruhdur?
Ýok, ol ruh däldi, ol şu ýurduň raýaty, adaty bir kopengagenlidi. Ony göbek ganynyň daman ýerine bolan söýgüsi gandallap taşlapdy, hut şonuň üçinem ol patyşalykda ýüwrüp ýörşüne, tutuş Daniýany ýüregine siňdirmäge çalyşýardy. Ol Daniýanyň taryhyny herekete gelmäge mejbur edýän, ýa-da edil bolmalysy ýaly däl-de bolsa, bardygyny bildirýän islendik täzeçillikden gaçýan milli ruhuň alamaty bolup şol ýüwrüp ýördi… Gadym döwürler bat alan ýüwrük goja ýedi ýüzýyllygy parran böwsüp, henizem loňkuldap ýördi. Ol patyşalygyň başyna düşen kynçylyklaryň ýa oňa ýar bolan ýagty günleriň ähmiýetine düşünmek üçin aýak çekmelidirem öýdenokdy. Diňe birinji belgili ýüwrük bolmagyň hatyrasyna, biziň ykbalymyza öwrülýän hadysalary honda galdyryp, ozup barýardy. Gepiň küle ýeri: ol gadymy döwürlerden myçyp gaýdan-da bolsa, Daniýanyň tutuş taryhyny ýeňsä taşlamak oňa başardanok.
Eger ol amanadyny tabşyrmadyk bolsa, heniz-henizlerem ýüwrüp ýörendir.