Iki dogan (Erteki)

Iki dogan (Erteki)

Lew TOLSTOÝ,
rus ýazyjysy

Iki dogan syýahata ugrap, günortan dynç almak üçin tokaýda düşleýärler. Oýananlarynda, gapdallarynda bir daşyň ýatandygyny, onuň ýüzünde-de bir zadyň ýazylgydygyny görüp, okap ugraýarlar. Daşyň ýüzünde: «Kim bu daşy tapsa, goý, günüň dogýan tarapyndaky tokaýa gitsin. Tokaýda bir derýa bardyr. Ol ýüzüp, derýanyň beýleki tarapyna geçsin. Öňünden çagaly aýy çykar. Aýyň çagalaryny alsyn-da, yzyna seretmän dagyň üstüne ylgasyn. Dagda bir jaý bardyr, ol şol jaýda-da bagt tapar» diýlip ýazylgy eken.

Kiçi dogany ýazgyny okap:

— Gel, bile gideli. Belki, derýanyň aňyrsyna ýüzüp, aýynyň çagalaryny öýe çenli eltip bilsek, bagt taparys — diýip, doganlaryň kiçisi aýdypdyr.

Doganlaryň ulusy:

— Aýylaryň çagalary üçin tokaýa gitjek däl, saňa-da maslahat beremok. Birinjiden, daşdaky ýazylanlar dogrumy ýa-da nädogry — hiç kim bilenok. Belki, üstümizden gülmek üçin ýazandyrlar. Ikinjiden, eger bu zatlar, hakykatdanam, dogry bolsa, biz tokaýa gije bararys hemem derýany tapyp bilmän azaşarys. Eger derýany tapaýanymyzda-da, ondan nädip ýüzüp geçeris?! Belki, derýa giňdir, çalt akýandyr! Üçünjiden, eger derýany ýüzüp geçen ýagdaýymyzda-da, aýy çagajyklaryny alyp gaçmak aňsatmy?! Ene aýy bizi tutaýsa, bagta ýetip bilmeris. Dördünjiden, aýynyň çagalaryny alyp gaçan ýagdaýymyzda-da, dynç almazdan nädip daga çykyp bileris?!

Onsoňam o taýda nähili bagt tapjagymyz aýdylmandyr. Belki, ol biziň üçin zerur bolmadyk, gerekmejek bagtdyr.

Kiçi dogany:

— Meniň pikirimçe, beýle däl. Bu zatlary biderek ýere daşa ýazyp goýmazlar. Birinjiden, muňa synanşyp göräýenimizde-de, ýamanlyk görmeris. Ikinjiden, muňa biz gitmesek, başga biri gidip, bagty tapar, biz bolsa hiç zatsyz galarys. Üçünjiden, bu dünýäde zähmetsiz hiç zadyň lezzeti ýok. Dördünjiden bolsa, meni gorkak hasaplanlaryny islämok.

Uly dogany:

— «Gökdäki durnadan ýerdäki geçiguş ýagşy» diýipdirler. Biz uly zat gözläp, bar zadymyzy ýitiräýmäli — diýipdir.

Kiçi dogany:

— «Serçeden gorkan dary ekmez» ýa-da «Ýatan öküze iým ýok» diýipdirler. Meň pikirimçe, biz gitmeli — diýipdir.

Şeýdip doganlaryň kiçis-ä gidipdir, ulusy bolsa galypdyr.

Doganlaryň kiçisi tokaýa giren badyna derýany tapýar, ýüzüp aňyrsyna çykýar we şobada-da kenaryň ýakasynda uklap ýatan aýyny görýär. Ol aýynyň çagalaryny alyp, dagyň üstüne tarap yzyna seretmän gaçýar. Dagyň ýokarsyna çykanda, ony garşylamak üçin adamlar çykýar we şähere äkidip, patyşa edýärler.

Doganlaryň kiçisi bäş ýyl şalyk sürýär. Altynjy ýyl başga bir güýçli patyşa üstüne çozup, şalygyndan kowup çykarýar. Soňra ol ýene syýahata çykyp, doganynyň ýanyna gaýdyp gelýär.

Dogany obada ne baý, ne-de garyp ýaşaýardy. Bular bir-birini görenlerine begenip, hal-ýagdaýlary barada derdinişip ugraýarlar.

Doganlaryň ulusy:

— Görşüň ýaly, meň aýdanlarym dogry çykdy. Men elmydama asuda we parahat ýaşadym. Sen patyşa bolsaňam köp kynçylyklary başyňdan geçirdiň — diýipdir.

Kiçisi bolsa:

— Şonda tokaýa gidenime gynanamok. Häzir özümi erbet duýsam-da, durmuşda ýatlara zat kän — diýipdir.

Rus dilinden terjime eden M. ARAZDURDYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle