Iki araba
Iki araba
Iki sany araba
Sataşyp uly ýolda,
Bir-birinden hal-ahwal
Soraşdy ýadaw halda:
— Armaweri?!
— Bar bol, kärdeş!
— Nirden gelýäñ?
— Gaýradan!
— Nirä barýañ?
— Ilerik!
— Ýüküñ näme?
— Garry mama!
— Nähili niýetiñ bar?
— Ýol söküp, agtarýar är!
— Ýeri, özüñ nirden gelýäñ?
— Ilerden!
— Nirä barýañ?
— Gaýrak!
— Ýüküñ näme?
— Garry baba!
— Bar onda niçik hyýal?
— Agtarýar dulja aýal!
— Belki, guda bolarys?!
— Garry mamaña ýaşy näçe?
— Ýüzden geçen!
— Agzyndaky dişi näçe?
— Bary gaçan!
— Beýle bolsa, gadyrdan
Gusa bolup bilmeris!
Garry gija ýüz ýaşly
Kempir alyp bilmeris!
Tapmaly bor
Ýaş aýal.
Agzy doly
Diş, aýal!
■ SARGAN
Oglanlyga dolanyş
Oglanjykkam
Sargan iýip görüpdim,
Bişirip berildi
Garryja enem…
Köp ýyldan soñ
Geçen gije düýşümde
Hezil edip
Sargan iýdim men ýenem.
Düýş düýş bolýar,
Ýalan onda ähli zat,
Gözüm açsam,
Iýmändirin sargany.
Huşumda-da sargan iýesim gelip,
Böküp turdum,
Bir ýan oklap ýorgany.
Ýola düşdüm,
Howul-hara geýinip,
Haýal etmän oba aşmak hyýalym.
Çaý-nan iýmän
Wtek alty-ýeñ ýedi
Alakjap barşymy geñläp aýalym,
Ýetişdi zordanjyk:
— Ýeldirgediñmi?!
A-ýuw, beýdip nirä gitjek? — diýmäge.
Uzak hoşlaşyga
Wagtym bolmansoñ,
Diýdim: — Oba barýan,
Sargan iýmäge!
Samolýota mündüm,
Ondan soñ otla.
Otludan düşemsoñ,
Maşynly gitdim.
Ýöreý-ýöreý
Halys sütünim süýnüp,
Bir wagt doglan obam
Beşire ýetdim.
Meni görüp
Gülüşmäge durdular
Obamyzyñ uly-kiçi çagasy.
— Nämä gülüşýäñiz?
— Gülmez ýalymy,
Bolup gelşiñe bir äñet, agasy!
Şäherde ýaşaýan beşirlileriñ
Be6sip oba gelýänleri az-az-a!
— Ýeri, beýle näme bolanmyş?! — diýip,
Äñetsem,
Meñzeşdim masgarabaza:
Başyma şlýapa geýendigimi
Undup,
Geýipdirin üstünden papak.
Aýagymyñ birinde-hä ädik bar.
Birinde-de
Tomus geýilýän çepek!
Köýnek-balagymam çöwre ekeni
Galstugym ýeñsä dakaýypdyryn!
Sumka ýerine-ds stolumyzyñ
Çekerini alyp çykaýypdyryn!
Şlýapapapakly,
Ädikçepekli
Barandygma bakman,
Begendi enem:
— Nädipler geläýdiñ?!
Sygyr guzlady,
Sarganjyk bişirip
Bererin ýenem!
■ RUÇKALY WAKA
Maýa atly örän oñatja gyzjagazyma bagyşlaýaryn.
Maýa atly kiçijik gyz,
Bir gün gidende okuwa,
«Kakamyñ goşgy-hekaýa
Ýazýanja ruçkasy gow-a!
Hiç ýalñyşam goýberenok,
Tämiz ýazýar» diýäge-de,
Kakasynyñkyny alyp,
Öz ruçkasyn goýaga-da
Mekdebw bardy. «Hasapdanc
Boldy şol gün «Barlag işi».
Aljyraşyp — düşüp tapdan,
Mysal çözýär ähli kişi.
«Barlag işi» barasynda
Pikirem edenok Maýa.
Ünsüni bir ýere jemläp,
Ýazýar gyzykly hekaýa.
Soñky sagar boldy «diktant»,
Hemmeler-ä «diktant» ýazýar.
Ünsüni bir ýere jemläp,
Maýa welin goşgy düzýär.
Maýajygyñ kakasy hem
Görgi baryn gördi öýde.
«Beýdip kürtdürip durşuma
Menden şahyr bormy heý-de?!
Ozallae ýüzugruna-da
Ýazardym on-on bäş bendi.
Ýa bolmasa talant-gorum
Gutaryp ýörmükä indi?!
Goşgyny goýbolsun edip,
Hekaýa ýazaryn belki?!»
Hekaýa-da başa barman,
Kakasyny etdi gülki:
«Öñki deý ýeñil ýazañok,
Ruçkam kejiriñ-kejiri.
Pikirimi bulaşdyrýar.
Ýalñyşyp, berýär ejiri.
Görýän welin maña şu gün
Ýazdyrjak däl hekaýa-da.
Bu meniñ ruçkam däl ahyr,
Diýmek, bar günä Maýa-da!»
Indikide beýtmez ýaly,
Bolar ýaly gyzyna pent.
Kakasy özüni tijäp,
Ýazdy zordan ýekeje bent:
«EGEÝ ŞU GÜNNEN ŞEÝÝÄK
MENIÑ ÝUÇKAMY MAÝA,
AÝYP GITSE MEDHEBE
DIÝJEK DIÝEKTOÝ DAÝA!»
Hemra ŞIROW. Goşgular