Ikatýok bilen horaz / basnýa
Ikatýok bilen horaz / basnýa

«Baý, zabun heň edýäň,
Hormatly Horaz».
«Senem galaňok,
Dostum ikatýok.
Bu jeňňelde hiç kim etmez beýle saz.
Hoş owazyň gulagymdan gidenok».
«Seniň aýdymlaryň diňläp, guda jan.
Bütin ömrüm geçirmäge men taýýar»
«Bir başlan aýdymyň gutaran zaman
Gulagymy dikip, ýene
Garaşýaryn täzesine.
Sabrym ýetmän, meniň ýüregim urýar.
Bu ajaýyp owaz çykýar nireden?
Hem tämiz, näzik sende
Süýji dil.
Bolmasaň-da beýle uly tireden,
Aýdymda sen göýä duran bir bilbil».
«Sag bol, gudam, sag bol,
Maňa-da bir gulak sal:
Jennet guşlaryndan näzüli saýraýaň.
Muňa şek ýok, hemme ýerde men güwäň».
Bu wagtda Serçe geldi tötänden,
Ynha şeýle sözler eşdildi ondan:
«Dostlar, näçe öwseňiz-de özüňiz,
Bir köpüge ýaramaýar sazyňyz».
Heder etmän, ýada salman günäni,
Näme üçin Ikatýok öwýär Horazy?
Sebäbi Horaz hem öwýärdi ony.
Iwan KRYLOW.
Terjime eden Aman KEKILOW. Goşgular