|

Igde gülleri…

Igde gülleri… IGDE GÜLLERI…

Baglarda igdeler ýene gülledi,
Dilleri dillere baky baglady,
Arzuwlar bagryna bizi çarlady,
Küýsedik biz seni bahar ýellleri.
Söýgimize  şaýat igde gülleri.

Köňlümiň köşgünden ýitipdir göwher,
Almazyň  ornuna bar awy, zäher,
Hakyň synaglary kyn bo:r beýle bir,
Biziň atdaşdyr-da, ömür ýollary.
Söýgümize şaýat igde gülleri.

Şeýtan duzagynda  meni awlady,
Dünýäň şöhleleri gözüm baglady,
Mekru hyýanata  kalbym çarlady,
Ýollarymdan  çykdy hile torlary.
Söýgimize şaýat igde gülleri.

Munda men görmedik galmady azap,
Çyndan edep berip aldady harap,
Duşmanym dost diýip tutanda şerap,
Bu dertden ýüregmiň akdy ganlary.
Söýgimize şaýat igde gülleri.

Aýralykda geçen her demim gynar,
Hyýalym her zaman saňa atygsar,
Söýgülim, sen ýaly kim meni söýer,
Gürlesin, baharyň bolsa dilleri.
Söýgimize şaýat igde  gülleri.

Sensiz bagtym ýarym, bu köňül ýarym,
Özüňsiň kalbymda bibaha zerim,
Allahym gaýtarsyn ýitirenlerim,
Küýsedim söýgilim bagtyň ysyny.
Küýsedik biz seni bahar ýelleri.
Söýgimize şaýat igde gülleri.

Ahad QAYUM.

Özbekçeden terjime eden: Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle