Içýan ýaly sen, gardaşym
Içýan ýaly sen, gardaşym

Içýan ýaly sen, gardaşym,
gorkak bir tümlük içindäki içýan ýaly.
Serçe ýaly sen, gardaşym,
aljyraňňy serçe kimin.
Midiýa ýaly sen, gardaşym,
ýapyk gapak içinde, rahat.
Sönen wulkan agzy kimin elhenç sen, gardaşym.
Bir däl,
________ bäş däl,
________________ ýüz millionlaryň birisi sen, eýwah…
Goýun kimin sen, gardaşym,
egni possunly gassap galgadanda taýagyn
derrew goşulyp gidýäň sürä
hem ylgaýaň buýsanç bile, damak çalynjak ýere.
Dünýäniň iň geň ýaradylany sen,
boluşyň geň, derýa içre ýaşap,
________ derýadan bihabar balykdan beter.
Şeýle-de bu dünýäde, bu zulum
________________ seniň saýaňda.
Aç-suwsuz, ýadaw we gyrmyzy gan içinde bolsak eger
hem henizem bu şerap üçin, üzüm deý ezilýän bolsak
________ günä sende
________________ — diýmäge dilimem baranok, emma
________ günäniň köpüsi sende, eziz gardaşym!
1947 ý.
Nazym HIKMET.
Terjime: Mango Goşgular