|

Içinde

Içinde IÇINDE

Pikir kyldym ýer-göge,
Akylsyz jan içinde.
Gördüm: jan hem Alla diýr
Et, siňir, gan içinde.

Ýörir ýoluň bilmeseň,
Dogry ýola gelmeseň,
Haky ýada salmasaň,
Galdyň arman içinde.

Ýerden çykan nebatlar,
Gyzyl güller, gök otlar,
Gapyl adam, bu zatlar
Külli perman içinde.

Nebsiň aýdar: joş bolsam,
Gerçeklere duş bolsam,
Iýsem, içsem, hoş bolsam,
Ýatsam eýwan içinde.

Köňül sen bir bazar sen,
Her işe bir gyzar sen,
Tutsam, diýer gezer sen,
Jürmi¹-usýan² içinde.

Ýaýylar ganat-perler,
Hup açylar depderler,
Bölek-bölek kepderler
Hüw diýr harman içinde.

Bilbil aýdar: köşküm bar,
Bahar gözleşigim bar,
Gülzar üçin yşkym bar
Bagy-bostan içinde.

Ýarganat diýr: ýa Möwla,
Saldyň meni bu ýola,
Berme aý-güne, ýele,
Sakla pinhan içinde.

Anka aýdar: ýolçyýam,
Hüthüt aýdar: ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam,
Ýalan jahan içinde.

Bezgek galyp haýrana,
Haýran bakyp her ýana,
Dem-dem çykyp seýrana,
Gezer döwran içinde.

Durna aýdar: uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men
Läle-zaran içinde.

Baýguş aýdar: derdim bar,
Tesbyhym bar, werdim³ bar,
Weýranada ýurdum bar
Zary-girýan içinde.

Ishak aýdar: pakyr men,
Gullugymda hakyr⁴ men,
Hak ýadyny okyr men
Şam-Şebistan içinde.

Musyja diýr: giter men,
Geldim, bildim — öter men,
Üç agaçny çatar men,
Guzlap weýran içinde.

Laçyn aýdar: joşumdan,
Mest boldum öz huşumdan,
Galdym Taňry işimden,
Bendi-zyndan içinde.

Turaç tili senada,
Ördek tili penada,
Gazlar galkyp howada,
Gözi umman içinde.

Gumrular owaz bilen,
Tawus işi näz bilen,
Kaknus guş müň saz bilen
Şol Hindistan içinde.

Toty guşlar zarlaşyp,
Emri-Hakny gözleşip,
Adam tilin sözleşip,
Gezer ynsan içinde.

Keýik aýdar: aglar men,
Haka sydkym* baglar men,
Balalarym derdinden
Ýüregim gan içinde.

Gurt aýdar: üzer men,
Nirden kylsam güzer men.
Ryzkym awlap gezer men
Çöl-beýeban içinde.

At aýdar: aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Daglarda-daş içinde.

Ýaby aýdar: men gende,
Üstüme münen bende;
Azabym köpdür günde,
Özüm hyzmat içinde.

Eşek aýdar: aslym daş,
Hyzmat bilen bagrym baş,
Saman tapsam, köňlüm hoş,
Mydam aýaz içinde.

Düýe aýdar: otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men
Selin, sazak içinde.

Ýedi ýer bolmuş bina,
Her zat okyr bir sena,
Otlar hem diýr «Rebbena»
Nowruz-baran içinde.

Kyýamat gün eliňden,
Habar sorar halyňdan.
Gaýyt ýaman päliňden,
Gördüň purkan içinde.

Umytly bol Ýusup dek,
Sabyrly bol Eýýup dek,
Ger ugrasa Ýakup dek
Derdi-Kengan içinde.

Janym, jurga joş eýle,
Nebsim aýdar, hoş eýle,
Keremiňni duş eýle,
Taňla diwan içinde.

Magtymguly, özüňe bak,
Ýaş getir gözüňe,
Aýyplaşmaň sözüme
Ýary, ýaran içinde.

1Jürm – günä.
2Usýan – boýun egmezlik, baş götermek, gozgalaň.
3Werd – namaz, doga, üznüksiz doga, namazy gaýtalap oturmak.
4Hakyr – ejiz, pukara, kiçi göwünli.
5* Sydk – yhlas.

Magtymguly PYRAGY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle