|

Iç ýene-de, iç ýene

Iç ýene-de, iç ýene IÇ ÝENE-DE, IÇ ÝENE

Görýän, keýpiň saz ýaly, iç ýene-de, iç ýene.
Öňki içeniň az ýaly, iç ýene-de, iç ýene.
Kölde gezen gaz ýaly, iç ýene-de, iç ýene.
Bolsun gözüň duz ýaly, iç ýene-de, iç ýene.

Bir käsäni içeňsoň, biri azrak bildirer,
İki kesä çüt ursaň, gözüň gana doldurar,
Üçe-dörde ýeteňsoň, gyzyl meňziň soldurar,
İç, gyzarsyn gözleriň, iç ýene-de, iç ýene.

Tapan-tupanyň ýalmap, çişýärsiň dönüp hyrsa,
Alabeder geýýärsiň, keşbiň meňzeýär barsa,
Kim towguna «tok» diýse girýärsiň garsa-garsa,
Ur stoly, dep poly, iç ýene-de, iç ýene.

Jübiň dolsa, bes saňa, ýagşy ady isläňok,
Eçilýänçe näkesi «salgyt» diýip gyssaňok,
Ýagşylaryň kän welin, akyl berýän dostuň ýok,
Depilýänçe ýeňsäňden, iç ýene-de iç ýene.

Işiň bilen nä işiň, diňe özüň beslegin,
«İçme» diýen adamy itden beter pislegin,
Ýola sakak bolana dürli töhmet toslagyn,
Ebtiň agyp, dübdüren, iç ýene-de, iç ýene.

Akmeňidi az görseň, tirýegi hem çekiber,
Özüň akylly saýyp, her kime at dakyber,
Sarymsakmy, kelemmi-saýgarma-da dykyber,
Tä ýykylyp süýnýänçäň, iç ýene-de, iç ýene.

Geň görmezler keşbiňi ak kagyza salsam-da,
Azdyr saňa entekler näçe ýaňsa alsam-da,
Nebsim gaty agyrýar, käte görüp gülsem-de,
Öziňe haýpyň gelmese, iç ýene-de, iç ýene.

Berdi KERBABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle