|

«Hyýaly dünýämiñ pikir ummany…»

"Hyýaly dünýämiñ pikir ummany…" «HYÝALY DÜNÝÄMIÑ PIKIR UMMANY…»

Hyýaly dünýämiñ pikir ummany,
Kenarynda bolsa, köneje çatmam.
Dünýäniñ ählije zady ýerleşen
Çatmamyñ içine sygýa bar zatlar.

Düzetmeklik, gurmak meniñ elimde,
Şatlygam, gussada islegme görä.
Meniñ üçin mydama gapysyn açyp,
Hemişe garaşýar, Hyýaly dünýe.

A… Adamlar bolsa!
Diýýärler «däli»
Men ýöremok olar bilen deñ bolup.
Dälimi, tentekmi, terkidünýämi?
Ýaşap ýörün arasynda geñ bolup.

Remezan MÄMETGURBANOW.

21.11.2022ý Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle