| |

Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar

Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar ■ «SEN ÝADYMA DÜŞÝÄŇ JANYM!..“

Tänip düşse ýere sary ýapraklar,
Ilki bilen sen düşýärsiň ýadyma.
Bir gyza gar zyňsa garagol oglan,
Ilki bilen sen düşýärsiň ýadyma.

Gün doganda, Aý ýaşanda,
Sen ýadyma düşýäň janym.
Ýada salyp bakyşlaryň,
Melhem tapýar dertli halym…

■ HYÝAL DOGRUSYNDA HYÝALY DÄL OÝLAR

Enaýy hyýallar – enaýy dünýä,
Ýagyş bolup tämizleýär göwnüňi.
Tursa tursun tüweleýler jahanda,
Kowýandyr howpuňy, kowýar howluňy.

Allowarra kowar gelmezi ýaly,
Birsalymlar borsuň misli behişdi.
Diýersiň: „Dursady bu pursat   baky,
Çoý, bolaýyn çölde galan şehidi“.

Eger hyýalbentlik bolmadyk bolsa,
Menem men bolmazdym, bolmazdyň senem.
Gürrüň şeýtan hyýallary hakda däl,
Göwün atygsaýar ýenem we ýenem.

Hem ýarym asyr öň gözümden uçan
Pursatlara dolanýaryn  hyýalda.
Şol günlerden göwün medet istemiş,
Şeýlemikän alyslarda galaňda?!

Ýadymda elmydam Aýyň bölegi –
Hem ylhamym, hem hyýalym, armanym.
Haly niçik boljagyny bilýärmiň
Hassanyň elinden alsaň dermanyn?

Enaýy hyýala çümmek aýyp däl,
Ýagyş deýin tämizleýär göwnüňi.
Tursa tursun tüweleýler jahanda,
Kowýandyr howpuňy, kowýar howluňy.

Terk etme sen meni herne hyýalym,
Seniň barlygyňda göwün hoş menem.
Parhy bolmaz ýetmiş, segsen ýaşlaryň,
Hyýalym, seň barlygyňda ýaş menem…

■ DILDARYM

Ejiz geldim tarypyňy ýazardan,
Enaýy sen aýdym, şygyr, gazaldan,
Habarym ýok, nä duşmadyň ozaldan?
Janalgyç gözleriň gözde,  dildarym.

Kä uýalyp, käte garap oturdym,
Bakdygymça halym harap oturdym,
Görjek bolup günüm sanap oturdym,
Göwnüm telwas eder közde, dildarym.

Bilmedim men haýsy ataň gyzy sen?
Haýsy ýigdiň näzenini, uzy sen?
Belki, Agaýunus periň özi sen?!
Tapylmaz taý dagda, düzde, dildarym.

Barlygyňda mydam göwün şat bolar,
Görmesem, gyz, garyp göwnüm mat bolar,
Gara gözler ömürime dat   bolar,
Özüňem ýüregiň sözle, dildarym.

Garyp göwün gözleriňe maýyldyr,
Ne diýseň, gyz, sadyk guluň kaýyldyr,
Bar bolsa göwnüňe degen haýyndyr,
Ýatlaryn tomus, gyş, güýzde… dildarym.

Aşyk  aýdar söz sözledim şanyňa,
Bir ýylgyrsaň melhem bolar janyma,
Men bu günem barýan seniň ýanyňa,
Göz eglenmez özge gyzda, dildarym…

■ DAŇDANKY OÝLANMA

Oýandym daň bilen, Hudaýa şükür!
Adamlaryň arasynda indi  men.
Başlanýar ömrümiň ýene bir güni,
Diýmek, bu dünýäde ýene diri men.

Täze dälse däldir goşguda pikir,
Daňdan örmek mesele däl jahyla.
Ýöne daňdan dogan  Güni synlamak,
Uly bagt ýetmiş ýaşly şahyra!..

■ LUKMAN GELIN

Goşgy ýazdym. Diýdim: “Goşgym siz hakda,
Meni dertden halas eden lukmanym!”
Diýsemem-ä diýdim weli goşgynyň,
Bildim şonda göwnüne kän  ýakmanyn.

Ýene men elime aldym-da galam,
Ýazmaga oturdym, saýlap sözleri.
Şo pursat ýadyma düşdi lukmanyň
Aşak bakyp duran gara gözleri.

Mähir-muhabbetden püre-pürlenen
Şol gözlerde müň bir derdiň emi bar.
Göwün tämizleýän,  seriň durlaýan
Äşe, Patma, Zöhre gyzyň demi bar.

Huzurynda  synlasaňyz keseden,
Göwni galkar nähoş bolup geleniň.
Dertli  jana gelmez, galmaz ýerinden,
Hoş sözi  bolmasa  lukman geliniň.

… Lukman hakda şygyr ýazyp oturdym,
Ýürek birden  çalt  — çalt urýan ýaly-la!
Kagyz-galamymy taşlap birýana,
Barýan ýene  lukman  gyzyň ýanyna…
              
■ HÄSIÝETNAMA

— Men özümi daýhan saýdym,
Babadaýhan ýanynda.
— Özümi sazanda saýdym,
Babagammar ýanynda.
— Men özümi ussa saýdym,
Ussa Dawut ýanynda,
— Men özümi şahyr saýdym,
Pyragynyň ýanynda…
— A-how, näme samrap barýar,
Üýtgäp ýörmi ýa-da ol?
— Üýtgemese üýtgän däldir,
Akmaklara kada ol…

■ KÖRÜŇ DÜÝŞI

Kör düýşünde görýär Güni,
Derýalary, deňizleri.
Gelin-gyzlar ne owadan,
Ne owadan meňizleri.

Garap barýar töwerege,
Salam berýär, salam alýar.
Göwün joşup-daşyp birden,
Ellerine galam alýar.

Işe barýar, işden gelýär,
Gör, ne hezil eken durmuş.
Al asmanda hatar gurap,
Durna guşlar ganat germiş.

Bir-birege teşne ýürek,
Ýar jyklaýar kürtesinden.
Köne kino lentasy deý,
Düýş üzüldi ortasyndan…

Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle