Hywa etýudy
Hywa etýudy
Üç minut galypdyr,
hawa, üç minut
Soñky hanyñ hanlygynyñ soñuna…
Eli mauzerli ýigriminji ýyl
Salyp gider onsoñ ony öñüne!
Garry küýzegäriñ diş gyjyrdysy
Hem purgunçyñ otly «näletkerdesi»
Ugradar,
ýañlanyp zol-zol gulakda
Sobir doñaklygna
Tä şol doñakda
Örtülinçä han gözlerniñ perdesi!
Ýyllar geçer,
ellä golaý ýyl geçer,
Görseñ tasdan tutuş bir nesil geçer,
Onsoñ bir gün şa köşgüniñ agzyny
Eli sigaretli bir ýigit açar!..
Geler ol dym-dyrslyk köşgüñ agzynda
Ýigriminji ýylyñ gohun görmäge,
Ynkylap adyndan edilýän sudda
Howly doly ýoksul bilen birlikde
Gijräge galsa-da ~ sesin bermäge!
…Häzir bolsa şu gazaply üç minut,
Üç minut galypdyr suduñ soñuna.
— Kazañ doldy, ber jogaby zalym han! —
Külli Hywa dolýar köşgüñ öñüne!
Eşegarabaly daýhanlar gelýär,
Billeri agyrly hammallar gelýär,
Gelýär zeýli zyndanlarda boglanlar,
Gelýär ýeñiýoluk, ýetim oglanlar…
Üç minut!
Beýik sud,
Zulmadyñ soñy! —
(Näçe ýyl geçse-de, men görýän şony!)
Ynha, mauzerler çykýar gabyndan:
— Horezm Halk Hökümetiniñ adyndan…
(Dur, ýoldaş komissar,
sägin bir pursat,
Neslimiñ adyndan soraýan rugsat:
Ine siz ýene-de sanly salymdan
Gidersiñiz dor atlara atlanyp,
Ýegşerip oturan başga obalar
Atyñyzyñ başyn tutar şatlanyp.
Gidersiñiz, siñersiñiz gollara,
Sährany ýañlandyr berdankañ sesi,
Garagumuñ golun ýassanyp galar
Şonda seniñ ýigitleriñ ençesi.
Çölde galar ýigitleriñ ençesi,
Ýolda galar ýigitleriñ ençesi.
Bize şolañ döken ganyn ýatladar,
Dilsiz baýyrlaryñ gyzyl gunçasy…
Şonuñ üçin häzir, ýoldaş komissar,
Hatarñyza girip, dyzymyz epýäs —
Ertirki ölmeli esgerleñ bilen
Eskadron baýdagnyñ syýyndan öpýäs!
Gyrmyzy baýdagyñ çetinden öpýäs,
Ödemeklik üçin şu günki ömri.
Kalbymyzdan siziñ adyñyz tapýas,
Goramaklyk üçin gelejek döwri!)
…Hawa, mauzerler çykýar gabyndan:
— Ezilenleñ, aç ölenleñ adyndan!
Köşki-tagt yranýar, yranýar asman:
— Nätmeli, ýoldaşlar?
— Atmaly!
— Atmaly hökman!
— Horezm halk…
Gümmürdeýär gümmezler,
— Hökümetniñ…
Gazaplanýar ýüz-gözler.
…Asmanda fewralyñ çal bulutlary
Taryha äkidýär şol minutlary…
…Hawa.
Köşgüñ öñi.
Imi-salalyk
Sigaretim bir mahallar öçüpdir…
Hywa.
Köşgüñ öñi. Howlyñ üstünden
Çal bulutlar leşger sürüp geçip dur…
Hywa, 1965 ý.
Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular