Hytaý sährasynyň öwüsginleri

Hytaý sährasynyň öwüsginleri

Çan Sýan

***

Burk urýan bägülüň ýapraklarynda,
Bulduraýan çyglar mysaly dürdi.
Bir owadan gözel güli ýoldy-da,
Äpişgede goýup, ýanynda durdy.

Soň gözün güldürip, edip kereşme,
Adagly ýigdine sowal berdi gyz:
«Gül görke baýmydyr ýa-da men gözel,
Aýt, haýsymyz akla täsir edýäs tiz?!»

Ýigit hakykaty gizlejek bolman,
Sowalyň jogabyn berdi şo demde:
«Eşidermen bolsaň eger çyn sözi,
Bägül senden müşkli, owadan hem-de…»

Senem diýdi: «Bolýa, garşy däl muňa,
Goý, ol suluw bolsun, bu bagrym dilmez.
Ýöne zybansyzdyr gülleriň bary,
Olar seniň bilen gepleşip bilmez!..»

Çiguý Kun
Durmuş
Dik gaýa gidipdir
göge göterlip,
Gün nurun ýapynýar
Galyň tokaýlyk.
Gaýaň depesine
gonmaýar gaz-da,
Dag başynyň gary
gitmeýär ýaz-da…

Çou Banýan

***

Maýdalyna akyp ýatyr Taosi,
öňküsi deý,
üýtgedimi hili ýa.
Liliýa bireýýäm ýoldy köküni,
Güllemeýär mundan beýläk liliýa.

Ýadyňdamy, gyzyl köpriň üstünde,
Garaşardyk, girip her hil tüýse-de!
Bu gün ýalňyz galyp hijranym bilen,
Şo ýerlere aýlanmagy küýsedim.

Asuda gözýetim, ýaşyl depeler,
Görünýär gözüňi ýumdugyň saýy.
Gün ýaşar. Ir säher şapak dogýança,
Uçar gazlar, soňra bolarlar gaýyp.

Adam näme? Göýä, gökdäki bulut,
Şemal össe, yzy-sory galmaýar.
Seret, sähradaky mahmal maýsalar:
«Ýagyş laýa gardy!» diýip aglaýar…

***

Şapak ýapraklary aralap geçýär,
Ýaldyraýan çyga gagşaýar dişiň.
Damjalaryň baryn bir ýere düzseň,
Boljak eken zerli urganam işip.

Şäher nur ýapynyp ýatyr bu agşam,
A men durun ham-hyýalyň astynda.
Dälişge ýel gelip göze uruldy,
Ol yşk üçin öç almagyň kastynda.

Äpişgeden bakdym, köne howuzyň,
Howry ýer goýmady göwne sowara
we eşitdim iň soňkuja ýapragyň,
Nalasyny bu yzgytsyz howada.

Ýorgan-düşek meni ýyladyp bilmez,
Tikene oklanan ýalydy tenim.
Ýogsa-da, kim bilýär, söýgülim, saňa,
Gussa doly haty ýazanmy meniň?!

***

Geldi nemli güýz güni,
Günem gysgaldy, garaz.
Aýlanyp ýör howluda,
Içgysgynç… hyrsyz aýaz.

Duýdum ümsümlik içre,
Ahyny howanyň-da.
Daşdy gara bulutlar,
Gözlermiň owasyndan.

Bary diňdi. Adamlar
seýrekledi, boldy giç.
Ýöne saýa nur bilen,
Oýnuny goýmady hiç.

Sumat boldy serhoşluk,
Uky gelmez ýanyma.
Öňümde soňsuz gije,
Hüjüm edýär janyma.

Lu Kaý

O gyz gelmez

Iňrik çökdi,
Aý göge galdy,
Paýhynlady
Gülleri şemal.
Hijran dagy
Jana ot saldy,
O gyz indi
gelmez ähtimal…
Gelmejegni bilýärin gaýdyp,
Gülkim tutup,
agladym, aýdyň!

Se An

***

Köneki danalaň
döwründäki deý,
Bizem nowbaharda
gitdik özgerip.
Gyrdyr baýyrlara
delmindi ýürek,
Çigildem agtardyk,
läle gözledik.

Agaçlar asmana
uzady gitdi,
maýsalar ýazyldy
ýalaňaç ýere.
Bulutlar ýaýrady
gökde tütün deý,
Gyşyň ukusyndan
oýandy dere…

***

Bagtyýar günlere
eýleýip şükür,
Ýanma-ýan oturdyk
jem bolup ýene.
Bulutlar asmany
Dolduryp göçdi,
Ýeliň ganatlary
Gaýygy guçdy.
Şatlykdan meý doly
bada göterdik,
Beýik Fu Si hem-de
paýhasly Tan deý.
Dünýäde hemmäniň
kysmaty birdir
(Isle çagajyk bol,
isle-de garry)
akylly bolmasaň
bolarsyň san deý…

Se Linýun

Ömür gözýetimi

Ýuregimde gam bar,
ukym tutmaýar,
O-da bilmez indi
gussamy kowup.
Aýyň şöhlesini
ak gar gutlaýar,
Sowuk şemal ösýär,
niýeti ýowuz.
Wagt juda tiz geçýär,
batýar Kuýaş hem,
Siňýän gözýetime
ýuwaş-ýuwaşdan…

Se Týao

Seýran

Ýaýlalar ýap-ýaşyl
ýüpek geýdiler,
Hä diýmän
garalyň güli açylar.
«Neçün gelmediň?» diýp
ýardan soramaň,
O geläýse baglar
görkün gaçyrar.

Rusçadan terjime eden Ysmaýyl TAGAN
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle