Hünär (Hekaýa)

Abdulhaý NASYR,
özbek ýazyjysy
Ýazky dynç alşa çykypdym. Öýde oturmakdan ýaňa içim gysýanlygy sebäpli, dostum Rahymlaryň öýüne barardym. Günleriň birinde olara bardym hemem Halyma ejäni görüp, salamälik soraşyp, ondan dostum Rahymy soranymda:
— Ol öýüň ýerzemininde — diýip jogap berdi.
Halyma ejäniň «ýerzemin» diýeni ussahanady. Rahymyň kakasy obamyzda ady belli agaç ussasydy. Ol ýerini özüne ussahana edip alypdy. Bir gezek dostum Rahym bilen ol ýere düşüp görüpdim. Ussahananyň içi gaty uludy. Ýazda daşary yssy bolsa-da, ussahananyň içi salkyn bolýardy. Rahymyň kakasy şägirtleri bilen tagtadan oýma işlerini ýerine ýetirýärdiler, dürli görnüşli stollary ýasaýardylar.
Eýwanyň ýanyndaky basgançakdan ýerzemine — ussahana düşdüm. Rahym ussahananyň içinde yhlas bilen bir bölek tagtany oýup oturan eken. Ol meni görüp:
— Abdýazym, gel dostum — diýip, meni ýanyna çagyrdy.
— Eneňden sorasam, şu ýerdedigiňi aýtdy — diýip, men aýtdym.
— Hawa, menem kakamyň hünärini öwrenýärin — diýip, ol buýsanç bilen jogap berdi.
— Içiň gysanokmy? — diýip, men oňa soragly gözlerimi dikdim.
— Ýok. Iç gysmaga wagtym ýok. Etmeli işler kän. Kakam şägirtleri bilen öz işlerine ýetişenok — diýip, ol jogap berdi.
Ondan kakasyna näme kömek edýän-
digini soradym.
— Maňa bir bölek tagta berdiler. Düýnden bäri oňa nagyş salýaryn.
— Hany göreýin — diýip, men Rahymyň elindäki tagta bölegini alyp synladym. Oňa seredip meniňem höwesim artdy.
— Kakaň nagyşly sütünleri hem ýasaýarmy?
— Hawa, elbetde. Häzirki wagtda sütün ýasadýanlar köp — diýip, ol jogap berdi.
Şol pursat Rahymyň kakasy geldi. Ol meni görüp begendi.
— Abdýazym jan, senem agaç nagyşlamany öwrenjek bolýarmyň? — diýip, ol menden sorady.
— Hawa, eger öwretseňiz, uly höwes bilen öwrenerdim. Dogrusyny aýtsam, Rahyma gözüm gidýär.
— Onda kakaňdan rugsat al-da, her gün şu ýere gatnaber — diýip, ol begenip jogap berdi.
— Bolýar, elbetde. Nesip bolsa, ertiriň özünde başlaryn.
Rahymyň kakasy buýsanç bilen:
— Hünär öwrenseň gowy bolar. «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýenleri. Bu hünär maňa babamdan miras galdy.
Men begendim, sebäbi hünär öwrenmegime kakamyň garşy bolmajagyny bilýärdim.
— Nähili oňat. Indi ýazky dynç alşymy peýdaly geçirerin. Iň esasysy bolsa, hünär öwrenerin.
