Hülgent
Hülgent

Özgede duýlanda señrik ýygyrtjak
Bir meýil ot saldy gyzgyn damara
Utanjak däl…
Utanmadym şol günem
Deñeşdirseñ barabar bir ömüre
duýgulañ yzyna düşen dessime
Hyrydarlañ hemmesinden öñürtjek
boldum-da gyp berdim hyýal atyma,
Döndüm duruberdim erksiz çomara.
Düşmeýşimi… häzire çen
geñ görýän
Onuñ adaty däl hyýalatyna…
Ýogsa başbermezek erkime garşy
Göreşipdim,
göreşýärdim
ýene-de
göreşjekdim soñky demime çenli…
Çünki men doglamda esger ahwetin,
Çekinemok birem darkaş gurmaga!
A men nädip sag elimi çekgäme
Ýetirdim-de… huzurynda ses-üýnsiz
Utanmadym dik gönelip durmaga?!..
Äşgär bolsa birden bu hülgentligim,
Gapym bolmaz dalda gözläp barmaga
Ýene onuñ zerli syýyny ogşap
Sülük barmaklarna ýüzüm sürmäge
Bararyn… barybir,
barmaly gagşap…
Taýýar bolsa demir donly nökerne
Bir kürüşge mähir suwun bermäge!
09.10.2023 ý. Aşgabat.
Has TÜRKMEN. Goşgular