Hukuk sorag-jogaplary — 12. Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnama almak
Hukuk sorag-jogaplary — 12. Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnama almak
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen.
15-nji madda. Bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertleri
1. Bilim edaralary döwlet bilim standartlary tarapyndan kesgitlenilýän bilim işini amala aşyrmaga bildirilýän bitewi talaplara laýyklykda hereket edýärler.
Bilim edaralary görkezilen talaplary berjaý etmek maksady bilen, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi ygtyýarlylandyrmak, bilimiň hiline döwlet gözegçiligi we bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçýärler.
2. Döwlet bilim edaralary «Kärhanalar hakynda» we «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarnamasyz amala aşyrýarlar.
Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň bilim işini bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän ygtyýarnamanyň bolan halatynda alyp barmaga hukugy bardyr.
3. Bilimiň hiline döwlet gözegçiligi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan uçurymlaryň jemleýji döwlet synaglaryny‚ pedagogik işgärleriň we dolandyryş işgärleriniň hünär synagyny, gönüden-göni bilim edarasyny hünär synagyndan geçirmek‚ şeýle hem okaýanlaryň meýilnama boýunça we meýilnamadan daşary taýýarlygynyň mazmunyny we hilini‚ olaryň bilim edaralarynda durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalaryna laýyklygyny barlamak arkaly amala aşyrylýar.
4. Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy bilim edarasynyň (mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başgasynyň) hukuk ýagdaýyny, şeýle hem okaýanlaryň taýýarlanyşynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklaýar we bu işler bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy döwlet bilim edaralarynyň başlangyjy boýunça we olaryň arzalary esasynda amala aşyrylýar.
Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki bilim edaralarynyň bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hökmanydyr we ol öz uçurymlaryna degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalary gowşurmak hukugyny berýär.
5. Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmagyň, bilimiň hiline döwlet gözegçiliginiň, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
6. Bilim edarasy hakyndaky maglumat Internet ulgamynyň milli böleginde ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda çykaran, 11845-nji karary bilen tassyklanan “Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany” doly okasaň, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnama almagyň tertibine doly düşünýäň.
Ýa-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi degişli ygtyýarnamany bermäge ygtyýarly döwlet edarasy bolup durýar. Şoňa ýüz tutup (resmi saýtynyň salgysy: https://www.education.gov.tm/tm/contact), her bir soragyňa ilik-düwme jogap almaly. Hukuk maslahathanasy