| |

Hüjüm / mini-kyssajyk

Hüjüm / mini-kyssajyk HÜJÜM

Hüjüm / mini-kyssajyk

Sary yşyk ýandy.
Ýanyp durdugysaýam barha lowurdap, çar ýanyna howur ýaýratmaga başlady.
-Eger-de,-diýip, oslagsyz emele gelen bu howurly ýagtylyga aňkaryp duranlaryň arasynda has ekabyry, joşgunly gürläp ugrady:-biz bu ýalny söndürmesek, ol munuň ýaly pursatsaýyn ulalyp barşyna, biziň tutuş dünýämizi ýakyp-ýandyryp, küle öwrer! Onuň şeýtjeginiň gümanasy ýokdur! Munuň şeýledigine özüňizem menden has gowy düşünýärsiňiz! Sebäbi onuň hiç bir sebäpsiz-bahanasyz ýerden emele gelip, ýene-de hiç kim ony gižželemese-de onuň barha ýitelip, barha gyzyp, ulalyp gidip barýandygyny özüňizem gözüňiz bilen görüp dursuňyz! Şonuň üçinem jinnek ýalam günämiziň, etmişimiziň ýok ýerinden biziň başymyza düşen bu belaýy-nägehany biz her edip hesip edibem bolsa ýok etmeli! Hemmämize mälim! Her nesliň garşysyna söweşmeli öz “aždarhasy” bolýar! Bu ýalmawuz, rehim-şepagatsyz nägehan lowurdam – biziň betbagt bolsa-da, ähli synaglara, ata-babalarymyza mahsus, ýanbermez gaýratlylyk bilen döz geljek, gaýduwsyz neslimiziň “aždary”! Şonuň üçinem, ýörüň doganlar! Şirin janymyzy gaýgyrman, ählimiz pida bolýan bolsagam, özümizden soňkularyň bizden has bagtly ýaşamaklarynyň hatyrasyna bu doýdum-doldumsyz belaýy-apady söndürip taşlalyň! Goý biziň tenimiz oňa odun bolsun! Ruhumyz bolsa onuň ýalnyny öçürjek çeşme! Hüjüm-e-e-e!
Yşygyň ýalkymyna maýyllaryň ekabyry, özüniň duýgudyr-merdanalykdan ýaňa dyňzap duran sözlerine ilki bolubam özi sermest boldy. Süňňüni sandyradýan joşgunyna bäs gelip bilmedi. Birdenkä, sende ýok mende, atylyp öňe okduryldy-da, ýangynly lowurda garşy özüni zyňdy.
Edil böwedi ýazan ýabyň suwy deýin, galanlaram gözsüz batyrlyk bilen onuň yzyna eýerdiler.
Daş işigiň depesinde ýanyp duran sary lämpiçge bolsa, özüne yzba-yz urulýan kebelekleriň barysyny “jyzyrt-jyzyrt” ýakdy-da, “pyt”, köýdi.
Birhaýukdan soň çyranyň köýendigini gören öý eýesi, gatyrganmaly käýinjiräp, ony çalyşdy.
Sary yşyk ýandy… ýene-de… Hekaýalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle