Hudaýberen serdar hakynda oýlanma
Hudaýberen serdar hakynda oýlanma
Otuz ýediň tomusynda atama –
Halk ogluna «halk duşmany“ diýip, tagma basylan.
Şo döwürler niçe adam atylan,
Niçeleri asylan.
Dostuny dost ýamanlapdyr,
Gardaş bolsa gardaşyny.
Işdeşleri işdeşini,
Ildeşleri ildeşini.
Öýler tozap,
Höküm sürüpdir gazap.
Ýagşy näme, ýaman näme?
Ýitipdir hasap.
Ine, meniň atam şeýle döwürde
Ýaşap geçen.
Elli ýaşap ýaşamanka,
Ömür çyrasy öçen.
Atam ogly merdem Baba Sadygyň,
Käbesiniň ady Mahanym bolan.
Sahylykda bular jahana dolan.
Dagdan aşyp dag obasyn
Talap gidilen döwür.
Adamlaryň kalbyny
Dalap gidilen döwür
Serdar ata atlanypdyr.
Gylyç, galkan, ýaýy höwür.
Gelmişegiň ýolun saklap,
Gijeler çekipdir şöwür.
Ele salyp talaňçyny
Kesýän eken gulaklaryn.
Eşege ters münenleriň
Sany ýokmuş palaklaryň…
Il üçin janyny beren,
Kümsük çawuşyndan ýanyny beren,
Mahal-mahal ýatlaýaryn atamy.
Hem diýýän talaňçy baryny görüp,
«Eger atam diri bolan bolsady…“
Diýdi şonda biri gözün güldürip:
— Barybir talamak adam keseli,
Haýry degmez munda ataň keseri…
05-06.05. 2016. Goşgular