|

Howlugyň!

Howlugyň! HOWLUGYŇ!

Düýn bu güni, bu gün ertiri küýsäp,
Ýazymyz ýalkap ýör, güýzümiz güýzäp.
Bu ýagty gijäniň, röwşen gündiziň
Gowlugyn
Monjuk edip ýyllaň boýnuna düzüň,
ýaşamaga,
Işlemäge
Howlugyň!

Baglaryň ýapragnyň göm-gök reňki,
Bu gün daragtyňky, erte — ýeriňki.
gyzyl gül açylýar — müşki seniňki.
Gyzlaň tapylgysyz yşky seniňki.
Söýülmeli wagty, söýmeli wagty
Oglanyň.
öz aýagy bilen gelen o bagty
Garşylamaga
Özüňizi oňa bagyşlamaga
Howlugyň!

Gyssanyň,
Gutlamaga toýlaryny dostlaryň!
Gyssanyň.
Artdyrmaga öňküsinden rysgalyn!
Dostuň gyz göçürýär — ele tabak al!
Dost ogul öýerbär — ele tabak al!
Şol tabakda paýy bardyr agtygyň,
Çowlugyň.
Ellä ýetmän ýene ele bäbek al!
Ol adamyň getirdigi bagtynyň.
Şol pursada gowuşmaga
Howlugyň!

Howlugyň!
Depesinde görünmäge döwrümiň!
Hem oň şeýle kanuny bar,
Öwreniň:
Seniň toýa däl-de, ýasa gidişiň
Ölçär kimligiňi, sen şuňa düşün!
Seň kalbyňda — bahar,
Seň kalbyňda — ýaz,
Goňşyňda bu zatlar bu wagt juda az.
Ýan derdine,
Bile gysyp-gowrulyň.
Hesreti deň paýlaşmaga
Howlugyň!

Kiçi halk ýok,
Kiçi adam ilde kän,
Bizem kiçijikdik,
Bu gün ullakan.
Bize enteklerem ulalmak gerek,
Bu pähim-paýhasa goýalmak gerek.
Ulaltmajak bolýanlary aňk edip,
Özüňizden düşnüginem terk edip
Ownugyň.
Bu kyssa, şygyr bilen,
Deň gopup döwür bilen
Ýol almaga,
Ulalmaga
Howlugyň!

* * *

wada berdim köp zatlary men saňa,
Heniz tapyşmankak, sen uly gyzkaň.
Wada berdim köp zatlary men saňa,
Heniz boý oglankam hemem ýalňyzkam.

Diňlenmedik aýdymlary,
Çaň siňmedik al daňlary,
sähraň mahmal ýellerini,
Ýazyň irki güllerini,
Gyşlaryň akdan ak garyn,
Mylaýym bakyşyň ýaryň.

wada berdim köp zatlary şo günden —
Seň bilen duşuşan ilkinji gijäm.
Bu göwün suw içer naçar göwünden,
Alysa äkider yşkymyz güýjäp.

Senden sähel sowaşman,
özge gujaga düşmän,
Gylaň meňzärin saňa.
Ýigitleriň özüme,
Seni özümden zyýat
Görüp hem baky aýap —

Ýaşamagy wada berdim men saňa,
Arman, seň öwezgeden owadanlygňy
Hem wepaly bolma derek wadama,
Soňra duýup galýan unudanlygmy.

«Wadaň hany?» Gözde şu sowal gözel,
Görüp galýan saňa bakan mahalym.
Ezer, bu bergidar ýüregi ezer,
Yhlasyňa ýetdirmedik baharyň.

Gowşut ŞAMYÝEW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1979 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle