Hoşlanmakak aýtjaklarym
Hoşlanmakak aýtjaklarym
Sen entek söýgüden ejiz gelýärsiň,
Ýogsam, ynha, allanäme, ulugyz.
Ýöne bagryň deşip barýan çyn söýgi
Geldi-geçer duýgulardan has eziz.
Söýgiň gözne göni seredip bilmän,
Hatda özüňe-de ynamsyz bakdyň.
Sebäp ony beýle bolar öýtmänkäň,
Hut şeýle boldy-da, aňsatjak tapdyň.
Entek synaglardan ejiz gerdeniň
Göterip bilmedi söýgiň ýüküni.
Ahyr bir gün Durmuş atly kazyýet
Çykardy biz hakda ýowuz hökümi.
Käbir köňül gurak bolýar, bilýäňmi,
Akan däldir ondan bir damja şor suw.
Ýatdyr oňa ýaşaýyşyň tagamy,
Ýatdyr oňa bagt hakdaky arzuw.
Ýaşamak – diňe bir dem almak däldir,
Deň almak şol demi başgasy bilen.
Söýgi gerek bolsa täzeden ýugrup,
Ömrüňi täzeden başladyberer.
Bilýän, söýjek bolup dyrjaşdyň näçe,
Bilmeseňem söýgiň asyl manysyn.
Bu zatlaryň oýun däldigne şaýat –
Söýgiň elindäki albaýmydyň ýa?!
Näme sen? Goşgular