| |

Hoşallyk sözi / goşgular

Hoşallyk sözi / goşgular ■ ŞYGRYÝETE

Gaýdyp geldim men şu bahar,
rysgalym senden ýaly meň.
Görogla Öwezden habar getiren
Hemdem ýaly men.

Şowlulyklar üýtgedi nagt,
müň şükür,
däl men bedibagt,
kynçylyklaryň ýedi gat
astynda gömlen ýaly men.

Bet niýet ýok ýeňimdeýa,
Dag süňňi — daş egilmeýä.
Zehinliler ýeňilmeýär,
bolsamam ýeňlen ýaly men.

Saňa sargamagym bilen
bagt bagym oturar güle.
Hiç wagt gargamadym Güne,
çöldäki zemzen ýaly men.

Wagt diýlen sagadym barka,
ynamym, takatym barka,
Hak beren halatym barka,
kepilim öňden ýaly meň.

Öweziň şanyndan habar getiren
Hemdem ýaly men.
Geldim.
Al halymdan habar,
ykbalym senden ýaly meň.

■ SÖZLERIM

Hiç wagt aýtmadyk sözüm däl,
Aýdasym gelýän sözlerim.
Saklanylmady dözülmän,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Aýdyp bilmänmi bilýän-le,
Her kim özüni diňlände,
Utanyp galdy dünýämde,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Şatlykdan köp nadyllygyň,
Göwnüm, göwnüm ýadyňdamy,
Tagamlydy dadylmady,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Nadana diýmeli wagtym,
Saklamagy saýdym bagtym,
Armanynda galdy nagtyň,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Mydam däl, ýöne galaba,
Dodaklam boldy ýalama,
Ornun berende ýalana,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Heser bolup körügende,
Gözýaş bolup syryganda,
Kän garaşdy buýrugyma,
Aýdasym gelýän sözlerim.

Naşy göremsoň dözlerden,
Gizledim yşkly gözlerden,
Ýitirdim (häzir gözlegde),
Aýdasym gelýän sözlerim.

Bagtly edip biljekdiler,
Göwnün açyp, güljekdiler,
Aýdarmykam geljekde men?
Aýdasym gelýän sözlerim.

■ GARLAWAÇ

Soňky günler kän köwlenýäň gapyda,
gitmekçimiň?! Bolýa, sag git, bar aman.
Hüşgär bolgun, her ýerde-de tapylar
gadyrdanym, guýrugyňdan ýaralan.

Dogry, dünýä giňdir, adamlar meňzeş,
gapysy açyklar kändir her ýerde.
Herniçik, bir synap, töre onsoň geç,
gözi ýanýanlaram bardyr per görse.

Adamlaryň päli üýtgäp bilýändir,
aldanaýma etdim diýip ýagşylyk.
Pikirlenip bilýän bolsaň diňlärdiň,
hem sorardyň sözi söze ýabşyryp:

«Nämüçin beý diýýäň, düşündir ahyr?»
oňa meniň jogabym ýok eýjejik.
Ýöne taýýarlangyn indiki bahar
täze çykan jüýjelerňi söýdejik

ulaldyp, ösdürip getirgin hökman.
Gidiberme bir yzyňa garaman,
ýazda garaşaryn gapymy ýapman,
duşuşarys ýaşap ýörsek sag-aman.

■ GÜRGENÇ MINARASY

Rowaýat bar: «Guran ussasy uçdy»,
Sebtiňde dogulmak paýyma düşdi,
Meger, şonuň üçin gözüme yssy,
Gadym Gürgenç minarasy.

Argyn göreçleriň düzlenmesi ol,
Sungatyň heňňama döz gelmesi ol,
Gurmak — bagt. Bagtyň ýüzlenmesi ol,
Gadym Gürgenç minarasy.

Kölgesi görkezýär sagatdil ýaly,
Nejep baba bilen beýik Kubrany,
Sadagaň bolaýyn, bolam gurbanyň,
Gadym Gürgenç minarasy

Bärden gaýdýar edýän müň bir tagzymym, Mirasy ol ata-baba — aňrymyň,
Nirdedigin görkezip dur Taňrynyň
Gadym Gürgenç minarasy.

■ ÖZÜME NESIHAT

Özgerdesiň gelýän bolsa dünýäňi,
Özgeriş özüňden başlansa ýagşy.
Durmuşda bi. Ähli zat däl gül ýaly
Döz geliş özüňden başlansa ýagşy.

Gark bolarsyň başarmasaň ýüzmegi,
Aýdym aýt. Bilmeseň goşgy düzmegi,
Halamaýan bolsaň hyrsyz ýüzleri,
Ýylgyryş özüňden başlansa ýagşy.

Hiç kimsä diýmegin: «Men bar, sen näme?!»
Her kim adyn ýazar geçer heňňama,
Bir gadyrdan degen bolsa degnaňa,
Ýüz görüş özüňden başlansa ýagşy.

Durmuş ummanynda sa:lyň kürekle,
Seni inkär edýänlerem gerekle,
Sowap barýan bolsa gyzgyn ýürekler,
Gyzdyryş özüňden başlansa ýagşy.

Kynçylyk etmesin seni güň ýaly,
Bir şowsuzlyk görünmesin müň ýaly,
Özgerdip bilmeýän bolsaň dünýäni,
Özgeriş özüňden başlansa ýagşy.

■ PERIŞDELER BAR EKENI

Perişdäň bär ýany — bäbek
bolup gören bolsamam,
ulalyp ugrap, azajyk ynanmadym men şoňa.

Şol wagt kändi ynanmaýan, körpeje biri menem,
görse-de, tanamaza subut edersiň neneň?!

«Hany, nirde ol?» diýseler,
goşuldyk, gözläp-sermedik.
Perişdäni tanamaýar, arwahy açyp görmedik.

Indi bilýän, şol wagt weli, men magat bilmän ekenim,
çünki perişde tanar deý zerurlyk bolman ekeni.

Bähbit gözlemän ýagşylyk edip başarýan adamlar,
gaharny çykarman, ýuwdup, gidip başarýan adamlar;

ýykylyp barýan ojagy söýgetläp, dikläp ýörenler,
gözügara umytlyny, eýikläp, ekläp ýörenler,

göwniýarymyň göwnüni galdyryp bilýän adamlar,
ynamy ýitene özün aldyryp bilýän adamlar,

gussalyň gussasyn kalba siňdirip bilýän adamlar,
öz derdin diýmän, derdiňi diňdirip bilýän adamlar,

iliň ynamyn ynjytman göterýän — perişde eken.
Durmuş, göwünleň gözgüsin açýan çyn serişde eken.

Görmezden ötri, gulmany — duýmak gerek ekeni,
bu babatda baş ölçegdaş — ýukalan ýürek ekeni.

■ ÝAGYŞ ÝAGAN GIJESI

Ýarygijä çenli ýatmadym agşam,
biri gapymyzy kakaýjak ýaly.
Aýnaň aňyrsyndan ýagyp dur ýagşam,
süňňüni böwüsip sowuk şemalyň.

Çugutdyryp duran ýaly sowukda,
göwnüme bolmasa alaçsyz biri.
Ýylysy gitmedik çaýdan owurtlap,
daş çykdym, ýapynjaň içine girip.

Süýşýän bulutlaryň aralygyndan,
görnüp gidýär ýyldyzlaryň şekili.
Suw sygman ternawyň dar arygyna,
suwagy gaçypdyr jaýyň çetiniň.

Goňşymyň pişigi daşda galypdyr,
myýawlap, dyrmaýar äpişgelerni.
Buky tapan bolsa, ýersiz jan etmän,
bulut ýuka, basym ýagyş diňerdi.

Gaharjaň adam deý köşeşdi basym,
bu sowukda ahmal garyň ýagmagam.
…Ýorganyny serpip, dümewläýmesin,
ýanyna baraýyn çagalarymyň.

Penjireden
Aý göründi ymykly
ýagyş diňdi.
Şemal ýatdy. Ümsümlik.
Uky gelip kirpigime münüpdir,
uklaýmaly ýaly ýorgana sümlüp.

Ýöne, bir alada kalbymyň törün
eýeläpdir.
Sowan çaýdan owurtlap,
otyryn.
Göwnüme alaçsyz biri,
çugutdyryp ýören ýaly sowukda.

■ ÖZÜŇI ÖWRENEN WAGTYŇ…

Göwnüm, gökden geçip barýan
gazlary görüp ýaýdanma.
Öz yzyňa düşüp barýan
azlary görüp, ýaýdanma.

Tur oglan, säher gelende,
Jylawlan, gahar gelende,
Erärler bahar gelende,
Buzlary görüp ýadanma.

Bu dünýäň barlygy, ynan,
Haldan hala geçmek bilen,
Gögerip, guransoň ýanan,
Közleri görüp ýaýdanma.

Diňläp ýörme böwrüňni kän,
Hem ýadyrgap, hem höwrügýäň,
Kalbyňda söze öwrülýän
Sazlary görüp ýaýdanma.

Ejizligiň — gedemligiň,
Utuşlaryň — edenleriň,
Ruhy bardyr pederleriň,
Ýazlagy görüp ýaýdanma.

Ilkinji däl, däl sen soňky,
Öwüsýändir ömrüň reňki,
Bu ýolda özüňden öňki
Yzlary görüp ýaýdanma.

■ HOŞALLYK SÖZI

Dynç alman gözlän sözlerim,
Kelama geldiňmi, sag bol!
Ynjalman sözlän gözlegim,
Deňäme geldiňmi, sag bol!

«Kim dözse-de men dözmenem
inkäre» diýip gözlenen,
Idäp geldiňmi, dözmezim,
Salama geldiňmi, sag bol!

Duýgyňy gördüm gijeler,
Pikriňi ýordum gijeler,
Bar ekeniň-ä bijede,
Jemala geldiňmi, sag bol!

Gam bardyr gülýänlerde-de,
Nem bardyr solýanlarda-da,
Ýazma, ýazman bilýän bolsaň,
Hamala, geldiňmi, sag bol!

Zehin öz-özüni iýýär,
Millet kämilleri düýnär.
Aşyk Aýdyň pirim diýýär:
«Penama geldiňmi, sag bol!»

Oglanlykda oýnap gördüň,
Ýaz doňup, gyş gaýnap gördüň,
Indi näme aýnap ýörsüň,
Kemala geldiňmi, sag bol!

Aşyrmät GARLY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle