Hoş sözli goşgy
Hoş sözli goşgy HOŞ SÖZLI GOŞGY

“Agam jan, biziň dükany,
Halaýar bar halaýygam.
Gel, daş ýörme, zat gözleme,
Taparys saňa laýygam”!
“Gowadam bolanyň üçin,
Halal etjek bereniňi.
Utulsam-da, aňyrkyny
Altmyşdan al, ber eliňi”!
“Ýumşak ulaga mün, agam,
Äber bäri goşhaltaňy!
Barjak ýerňe basym barýas,
“Klent” alyp birküç sany”.
Şeýdip öňüňden çykylar,
Şeýtseler diliň tutular.
Hilegärje dilewarlar,
Hoş sözden serhoş ederler.
“Aladaň edip”, jübiňde
Galanjaňam gidererler.
Hoş söz diýlen bir güýç-gudrat,
Hem ynsan göwnüniň nagşy.
Iniler, hoş arkasynda
Bähbit gizlenmese ýagşy.
2024 ý. Goşgular