Hoş geldiň ylham
Hoş geldiň ylham
Kän garaşdym saňa, garap asmana,
Ýöne senem wagty bilen gelmediň.
Öňler-ä ýyldyrym bolup geçýädiň,
Bu gezeg-ä indi şonam etmediň.
Köp adamlar seň ýoluňda intizar,
Sen bolsa süýjedip paýlaýaň özüň.
Ýöne men-ä garaşmakdan irmerin,
Uky diläp gyzarsa-da gözlerim.
Ynha, nobat ahyr maňa-da ýetdi,
Ýüregmiň dermany hem-de melhemim.
Ýöne indi beýdip garaşdyrmawer,
Hoş gelipsiň, hoş gelipsiň ylhamym! Goşgular